2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda dünýäniň birnäçe künjeginde seýrek duş gelýän astronomik hadysa — “Ot halkasy” görnüşindäki Gün tutulmasy syn edilýär. Bu pursatda Aý Günüň öňüni doly ýapman, diňe onuň merkezi bölegini petikleýär. Netijede, Günüň daşky gyrasy ýalpyldap görünýär we asmanda şöhle saçýan ot halkasyna meňzeş şekil emele gelýär.
Bu görnüşdäki tutulma — annulýar Gün tutulmasy — diňe Aýyň orbita uzaklygy sebäpli onuň göwrüminiň Gün bilen deň görünmeýän wagtynda ýüze çykýar. Şonuň üçin Gün doly ýapylman, töwereginde ýiti ýagty halkasy galýar.
Astronomlar bu hadysanyň seýrek bolýandygyny, onuň diňe birnäçe ýylda bir gezek gabat gelýändigini belleýärler. 2026-njy ýyldaky tutulma dünýäniň birnäçe ýerinde syn edilip bilner, alymlar bolsa onuň ylmy ähmiýetiniň ýokarydygyny nygtaýarlar.