«RIA Nowosti» gullugynyň habar bermegine görä, Wistar instituty tarapyndan işlenip düzülen «WIN332» atly sanjym guşlarda synagdan geçirildi. Synaglaryň netijesinde, 3 hepdäniň içinde wirusa garşy goraýjy antititeler emele geldi.
Alymlaryň aýtmagyna görä, bu sanjym hatda birinji urlandan soň hem öz täsirini görkezip bilýär.
Geljekde güýçli immunitet döretmek üçin adaty 7–10 sanjym däl-de, eýsem, diňe 3 sanjymyň ýeterlik bolmagyna garaşylýar.
«THE ASHGABAT TIMES».