Dark
Light
03.02.2026
cagalar THE ASHGABAT TIMES

Aladamyz körpe nesil

02.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär. Garaşsyz Diýarymyzyň körpe nesilleriniň terbiýelenýän we sowat öwrenýän ojagy bolan çagalar bakja-baglarynda aň we beden taýdan ösen nesilleri ýetişdirmäge uly mümkinçilikleriň döredilýändigi biz ― terbiýeçileri has-da buýsandyrýar.

Biz hem bakja-bagymyzda çagalaryň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn kemala getirilmegi, irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy boýunça okuw-terbiýeçilik işleri babatda tejribelerimizi artdyrmaga çemeleşýäris. Çünki çagalaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmakda ilkinji bilim binýadynyň berk bolmagy möhüm bolup durýar. Gün tertibine laýyklykda irki maşklarda, gezelenç döwürlerinde, hereketli oýunlarda we bedenterbiýe sapaklarynda, beýleki sapaklaryň dynç alyş pursatlarynda, sport ýaryşlarynda we beýleki çärelerde çagalaryň sagdyn ösüşini gazanmak babatda işleri guramak bilen sagdyn-drumuş ýörelgesini wagyz etmäge çalyşýarys.

Beýleki terbiýeçilik çäreleriniň üsti bilen bolsa çagalary milli watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, dost-doganlyk ruhunda terbiýelemek biziň terbiýeçilik işlerimiziň özenini düzýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan çagalaryň ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgesine, döwrümiziň häzirki zaman däplerine mahsus kemala getirmekde dürli gyzyklanma çärelerine, bäsleşiklere, säherliklere gatnaşmak bilen aýratyn zehinli çagalaryň ýüze çykarylmagyny, olaryň başarnyklarynyň baýlaşdyrylmagyny gazanýarys. Mekdebe çenli Döwlet bilim standartynyň ölçeglerine we görkezijilerine laýyklykda aýratyn işleri geçirmek, ata-eneler bilen bilelikdäki çäreleriň netijeliligini gazanmak, mekdep bilen bilelikdäki iş meýilnamalaryny ýerine ýetirmek hem çagalaryň hünäre ukyply ýetişdirilmegine itergi berýär.

Bagtyýar nesilleri terbiýelemek işinde ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Patma MÄMMEDOWA,
Mary şäheriniň 23-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, KA-nyň işjeň agzasy.  

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 0165 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda elektrik energiýasy boýunça hyzmatdaşlyk

yapon sergi bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen mekdep okuwçylarynyň işleri Ýaponiýada görkezildi

Soňkylar Makalalar

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky

Çagalar baglarynda nesil terbiýesi

31.01.2026
Nesil terbiýesi asyrlarboýy halkymyzyň durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bir bölegi bolupdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem

Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

30.01.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar.

Bilimli ýaşlar – Watanyň abraýy

29.01.2026
Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär.
GitTop