Yslamabatda Türkmenistanyň ilçihanasynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A. Mowlamow bilen Ispaniýanyň Pakistana bellenilen ilçisi Karlos Aragónyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda türkmen diplomaty kärdeşini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň Pakistandaky diplomatik işinde üstünlik arzuw etdi.
Taraplar söwda, tranzit, energetika we özara gyzyklanma döredýän beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ispan ilçisi ýurdunyň çölleşmä garşy göreşde toplanylan tejribesi hem-de tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak boýunça milli başlangyçlary barada maglumat berdi.
Duşuşykda Owganystan we Pakistan üsti bilen geçýän söwda-üstaşyr ugurlarynyň ykdysady mümkinçilikleri hem aýratyn bellenildi. Bu ugurlar sebitde baglanyşyklylygy güýçlendirmekde möhüm orun eýeleýär.
Taraplar duşuşygyň ahyrynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hem-de Pakistandaky diplomatik toplum arkaly yzygiderli dialog saklamaga taýýardyklaryny beýan etdiler.