GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Minskde ýerleşýän edara binasynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Şagulyýewiň ýolbaşçylygynda Arkalaşygyň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda ilçi Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy bilen tanyşdyrdy.
Konsepsiýa laýyklykda, 2026-njy ýylda türkmen tarapy özara söwdany işjeňleşdirmek we täze maýa goýum taslamalaryny işe girizmek, ulag geçelgelerini ösdürmek, energetika howpsuzlygy, halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly ugurlarda aýratyn ünsi jemlär.
Mejlis bilen ugurdaşlykda GDA-nyň ştab-kwartirasynda ýurdumyzda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan fotosuratlaryň sergisi hem açyldy. Diplomatlardyr Ýerine ýetiriji komitetiň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary bu sergi arkaly türkmen halkynyň baý medeni mirasy, döwletimiziň häzirki ýeten derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
«THE ASHGABAT TIMES».