Şu ýylyň 31-nji ýanwary bilen 2-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ýokary derejeli wekilleriniň maslahatynyň 52-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Bu çäre 2026-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Yragyň paýtagty Bagdat şäherinde geçiriljek Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň (DIMG) 52-nji mejlisiniň öňüsyrasyndaky üçünji we iň möhüm taýýarlyk tapgyry boldy.
Mejlisiň dowamynda türkmen tarapy sebitde we dünýäde durnuklylygy berkitmäge gönükdirilen täze başlangyç bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, wekiliýet tarapyndan «Bitaraplyk syýasatynyň YHG-niň giňişliginde we ählumumy derejede halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde we berkitmekde orny» atly kararnamanyň taslamasy hödürlendi. Bu resminamanyň Bagdatda geçiriljek ministrler derejesindäki maslahatda kabul edilmegi maksat edinilýär.
Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar syýasy, hukuk, maglumat we ynsanperwer ugurlarda strategik çözgütleriň taslamalaryny taýýarladylar. Maslahatyň jemleri boýunça daşary işler ministrleri üçin niýetlenen iş maksatnamasynyň üstünde işlenildi we geljekki mejlisiň gün tertibine giriziljek esasy meseleler ylalaşyldy.