Dark
Light
05.02.2026
32421425 scaled THE ASHGABAT TIMES

UNFPA inçekeselli göwreli aýallara lukmançylyk gözegçiligini amala aşyrmak meseleleri boýunça seminar geçirdi

05.02.2026

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 4-nji fewraly – 2026-njy ýylyň 2–4-nji fewraly aralygynda BMG-niň binasynda inçekeselli göwreli aýallara lukmançylyk gözegçiligini amala aşyrmak we ftiziatriýa gullugy bilen utgaşykly hereket etmek meselelerine bagyşlanan üç günlük seminar geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan bu çäre lukmanlaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga we pudagara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirildi.

Seminara Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri, M. Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň işgärleri, Aşgabat  we Arkadag şäherlerinden hem-de ýurduň ähli welaýatlaryndan akuşer-ginekologlar, reproduktologlar we ftiziatrlar, şeýle hem welaýatlaryň Ene we çaga saglygyny goraýyş merkezleriniň we saglyk öýleriniň lukmanlary gatnaşdylar.

Seminaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar göwreli aýallarda inçekeseli anyklamagyň we bejerginiň halkara protokollaryny, şol sanda çaga dogurtmagyň taktikasy, inçekesele garşy döwrebap derman serişdelerini ulanmak we ene süýdi bilen iýmitlendirmek protokollaryny öwrendiler. Bu kliniki standartlaryň hem-de akuşer-ginekologiýa we ftiziatriýa gulluklarynyň utgaşykly işlemegi boýunça mehanizmiň üstünde işlenilmegi, ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini standartlaşdyrmaga we milli hem-de sebit derejesinde ene we çaga saglygynyň görkezijilerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 0180 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Pepsi täze Super Bowl reklamasynda Coca-Cola-nyň ak aýy mascotyny peýda etdi

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Abu-Dabide «Zayed Award for Human Fraternity» baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop