Bitaraplyk diňe bir ýurduň daşary syýasatyna däl, eýsem, içeri syýasatyna-da oňyn täsir edýär. Biz parahatçylyk tugunyň astynda erkin dem alyp, asuda ýaşaýan halk. Ilimiz ýagty, aýdyň ertirimize ynançly garaýar.
Dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň agzybirligiň, jebisligiň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde tanalýan Watanymyzda şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýär. Indi çärýek asyr wagt bäri Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan adyna eýe.
Golaýda ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahaty geçirildi.
Forumyň maksatnamasyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag, infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy hem geoykdysady ähmiýeti», «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri», «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda orny we ähmiýeti», «Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary», «Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklary» atly bäş sany sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlaryny beýan edýän mejlislerde dowam etdi.
Ýurdumyz sebitde energetika, ulag we üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny işjeň durmuşa geçirýär, dünýä döwletleri, iri halkara düzümler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Munuň özi geosyýasy we geoykdysady taýdan uly ähmiýete eýe bolup, sebitde energetika howpsuzlygyny, üstaşyr ulag geçelgeleriniň arabaglanyşygyny üpjün etmekde, milli hem-de sebitleýin taslamalara maýa goýumlary işjeň çekmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimizi dünýäniň ösen tejribelerinden ugur alyp, köpugurly esasda ösdürmek bilen bagly öňde duran wajyp wezipeler milli maksatnamalarymyzyň hem esasyny düzýär.
Şeýle ajaýyp özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmäge goşant goşmak şol syýasatyň aýrylmaz bölegidir. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” döwletimiziň halkara abraýynyň has hem ýokarlanýandygyna göz ýetirmek bolýar. Bizi bedew bady bilen ösüşlere atarýan, döwletimizi halkara sahnasynda işjeň tanatmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Ylham ÝAZYÝEW
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy