Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak parahtçylygyň açary bolup durýar. Haçanda halklar arkalaşyp, birek-birege goldaw beren halatynda gelýän wehimlere garşy netijeli durup bilerler. Oguzhan atamyz hem öz ogullaryna hemişe agzybir bolmagy ündäpdir.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzda durnukly ösüşiň üpjün edilýän döwrüdir. Bu gazanylan netijeleriň Diýarymyzyň pudaklarynyň arasyndaky sazlaşykly ösüşiň esasynda mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir. Munuň özi Türkmenistany senagat taýdan kuwwatly ýurda öwürmek, milli ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ykdysady strategiýasynyň « Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda hem ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe gitjekdigini aýdyň görkezýär.
Şol maksatdan hem, Diýarymyzda Halkara maslahatlar, forumlar, sammitler yzygiderli geçirilýär. Ýaňy ýakynda hem, Söwda-senagat edarasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat ýokary derejede geçirildi. Bu maslahat Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitleriň ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny düzmelidigine ynanýarys. Islendik iri ykdysady, üpjünçilik, söwda we maýa goýum taslamalary diňe durnuklylyk hem-de birek- birege ynam bolan ýagdaýynda üstünlikli bolup biler» diýen, sözlerinden ugur alyp Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy hem-de durnukly ösüşini üpjün etmäge, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň nusgasy boldy.
Parahatçylyk, ynanyşmak halkymyza pederlerden miras galan asylly ýörelgelerdir. Ýurdumyzda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi häzirki wagtda bu asylly ýörelgeleriň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Parahatçylygy saklamak, dost-doganlygy berkitmek döwletimiziň öňe sürýän daşary syýasatynyň özeni bolmagynda galýar.
Parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini, Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, ýurdumyzyň ösmegi ugrunda alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Dawut EMIROW
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy