Parahatçylyk adamzadyň hormatlap gelýän iň beýik ýörelgeleriniň biridir. Islendik döwlet, islendik halk, islendik adam parahat durmuşy, abadan ýaşaýşy ähli zatdan gymmatly hasap edýär. Çünki parahatçylyk we abadançylyk gülläp ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Ýer ýüzünde abadan durmuşyň berkarar bolmagy ugrunda çykyş edýän Türkmenistan Watanymyz hem durnukly ösüşiň ygtybarly ýoluna düşdi.
Parahatçylyk söýüjilik müňýyllyklaryň dowamynda goňşy döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn ähmiýet beren halkymyzyň asylly häsiýetleriniň biridir. Munuň özi hem ýurdumyzyň parahatçylyk, özara ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini daşary syýasatynyň esasy özeni hökmünde saýlap almagynyň gadymdan gelýän edim-gylymlary syýasy gurşawda-da dowam etdirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri parahatsöýüjilikli daşary syýasaty alyp barýar. Ýurdumyz syýasy gatnaşyklarda oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipelere esaslanmak bilen, sebitde durnuklyly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylygy we parahatçylygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Parahatçylyk we ösüş maksatlaryna gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegine yzygiderli gatnaşýar hem-de oňyn teklipleri öňe sürýär.
Bu günki gün Türkmenistan parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ekologik, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça we beýleki birnäçe daşary syýasy başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär hem-de olar dünýä bileleşiginde giň goldawa mynasyp bolýar. Hut şol maksat bilen hem, ýany ýakynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahaty geçirildi.
Döwlet Baştutanymyzyň milli sebit we halkara derejesinde parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýardam berýän halkara başlangyçlarynda hemişelik Bitaraplyk möhüm orun tutýar. Bu gün Türkmenistan dünýäniň syýasy giňişliginde güýçli depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly we asuda, sebit we halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde tanalmak bilen beýleki ýurtlar babatda hoşniýetli, ynsanperwer syýasat alyp barýar.
Bitaraplyk diňe bir ýurduň daşary syýasatyna däl, eýsem, içeri syýasatyna-da oňyn täsir edýär. Biz parahatçylyk tugunyň astynda erkin dem alyp, asuda ýaşaýan halk. Ilimiz ýagty, aýdyň ertirimize ynançly garaýar. Bitaraplyk – bu asudalyk, şu güne buýsanç, ertire ynanç. Ol hemişelik bagtyýarlygymyzyň şuglasydyr. Parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini, Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag , belent başlary aman bolsun, ýurdumyzyň ösmegi ugrunda alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Guwanç SANGULYÝEW
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby