Türkmen halkynyň buýsanarlyk taryhy bar. Şonuň bilen birlikde şeýle şan-şöhratly taryhyň döremegine sebäp bolan beýik şahsyýetleri-de az däl. Harby-syýasy, dini-pelsepewi, ylmy, ykdysadyýeti hasaba almanymyzda hem, umumy edebiýatymyzyň diňe şygyr hazynasyny hasyl edýän, özleriniň özboluşly, milli we halky häsiýetli döredijilikleri bilen dünýä edebiýatyna, onuň miras baýlygyna mynasyp goşant goşan şahsyýetlerimiz hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Gaty bir çuňluga gitmän Ýunus Emreden, Garajaoglandan bärligine gaýdanymyzda-da, eserleri gaýtalanyp-gaýtalanyp okalýan, we olardan her gezek okalanda ruhy lezzet, güýç-kuwwat alynýan, ahlak-terbiýede ybratlanarlyk ideýalary orta atan şahyrlarymyz barmak basyp sanardan köp. Nurmuhammet Andalyp, Şeýdaýy, Şabende, Magrupy, Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes, Aşyky, Zynhary, Kätibi, Misgingylyç, Mätäji…– bularyň hemmesi çeper sözüň ussatlary hökmünde durmuş meselelerine özboluşly çemeleşýändikleri bilen halkymyzyň hakydasynda we kalbynda ýaşap gelýär. Emma ömrüniň, durmuşynyň halk bilen baglanyşygy, döredijiliginiň milliligi, ideýalylygy, mazmunlylygy, düşnükliligi, çeperçilik kuwwatynyň kämilligi bilen Magtymguly Pyragy özünden öňki we soňky şahyrlar bilen deňeşdirilende ýokary derejede ykrar edilen akyldar şahyr, filosof şahyr diýlip, diňe bir türkmenleriň içinde däl, eýsem dünýä halklarynyň aglabasynyň arasynda-da şöhraty uludyr.
Şeýle hem Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň mertebe belentligi dogrusynda medeni durmuşymyz bilen baglanyşykly aýdyp gelýän göwnemakul sözleri, onuň mirasyna berýän ajaýyp bahalary bu işe jogapkärli çemeleşmegiň gerekdigine döredijilik güýçleriniň ünsüni çekdi. Olaryň birinde, mysal üçin, «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar» diýlip bellenilýär.
Magtymguly özünden soňky we tä şu günki günlere çenli döredip gelýän şahyrlaryň ählisiniň hakyky halypasydyr. Mysal üçin, ХIХ asyr satiraçy şahyrymyz Mämmetweli Kemine «Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize indi onuň hoşasyny çöpläýmek galypdyr» diýip, akyldaryň döredijiliginiň ündew, mazmun, çeperçilik babatda köpgyraňlydygyna döwürdeşleriniň ünsüni çekipdir. Şol asyryň ýa-da Magtymgula döwürdeş şahyrlaryň uçdantutma hemmesi diýen ýaly türkmen diliniň söz baýlyklaryndan peýdalanmakda Magtymguludan täsirlenip döredipdirler. Okyjy bu hakykata türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgularyny Magtymgulynyň şygyrlary bilen degşirip-deňeşdirip görse, şübhesiz göz ýetirip biler. Bu täsir dowamly bolup, ХХ asyr şahyrlarymyzyň döredijiliklerinde has-da açyk-aýdyň duýulýar. Täsirlenme bilen bir hatarda Magtymgula bagyşlanyp ýazylan ýörite şygyrlaryň ýa-da şygry usulda dörän eserleriň-de bardygyny bellemek gerek. ХХ asyryň nusgawy ýazyjylarynyň biri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýew paýtagtymyzyň akademiki teatrynda köp wagtlap sahnada goýlan «Beýik şahyr» dramasyny şygyrda döredipdi. Pýesadaky wakalar şahyryň şygyrlary, öňe süren pikirleri bilen utgaşdyrylyp ýaýbaňlandyrylýardy.
Aýşa BABAJANOWA
Ahal welaýatynyň Döwlet arhiwiniň
1-nji derejeli arhiwçisi