c6c2829abeaf3a3d828e1b55e8f4991cf9d0ad0b THE ASHGABAT TIMES

Dolulygyna dikeldip bolmaýar: alymlar çaga dogulmagynyň saglyga nähili täsir edýändigini anykladylar

01.04.2025

Weizmann ylym instituty, Helen Schneider aýal keselhana (Ysraýyl) we Ýel uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi (ABŞ) biologlary aýal bedeniniň çaga dogrumyndan soň kadaly ýagdaýyna gelmek üçin näçe wagt gerekdigini öwrenmek üçin täze barlag geçirdi. Barlaga 300,000-den gowrak ysraýylly enäniň dogrum maglumatlary goşuldy.

Hünärmenler aýal bedeniniň çaga galmazdan 4,5 aý öňünden we çaga dogumyndan 1,5 ýyl soň nähili üýtgeýändigini seljerdi. 76 dürli synag netijeleri ýygnaldy, ýagny gandaky holesterin derejesi, immun hüjrelere, çişme ýagdaýy, bagyr, böwrek we süňk saglygy bilen baglanyşykly görkezijiler barlanyldy. Bu maglumatlar 2003-2020 ýyllar aralygynda sagdyn çaga dogran aýallar bilen baglydy.

Görlüp oturylsa, saglyk görkezijileriniň diňe 47%-i çaga dogrumyndan bir aý geçenden soň durnuklaşdy. Ýene 12% görkezijiler 4-10 hepde aralygynda kadaly derejä geldi, galan 41% bolsa 10 hepde ýa-da ondan köp wagt talap etdi. Süňk we bagyr saglygy bilen baglanyşykly markeriň dikeldilmegi iň uzak wagt aldy—56 hepde.

Beýleki birnäçe saglyk markeriniň durnuklaşmagy köp aý talap etdi, şol sanda holesterin, foliý turşusy, gyzyl gan öýjükleri, käbir gormonal we immun saglygy bilen baglanyşykly görkezijiler.

Mundan başga-da, käbir saglyk görkezijileri belli bir derejä çenli durnuklaşdy, ýöne çaga galmazdan öňki derejä doly gaýtadan ýetmedi—hatda 1,5 ýyldan soň hem. Bu kategoriýa käbir çişme we gan saglygy bilen baglanyşykly markerler girýär.

Saglyk meselesi boýunça hünärmen bilen maslahatlaşmazdan karar kabul etmäň.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
033809338ef1adb2154a6eff926b6916a663662f THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tramp TikTok-yň satylmagy baradaky şertnamanyň 5-nji aprele çenli baglaşyljakdygyny aýtdy

532f8e3c15791eb54222db33ee144cab55b07c5e THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýandex-iň jaý kärendesi hyzmatynda jaý eýeleri bilen söhbet etmek mümkinçiligi goşuldy.

Soňkylar Saglyk

Adam beýnisi ulalyp bilermi?

01.12.2025
Ählimize mälim bolşy ýaly, adam beýnisiniň ululygynyň artýandygy alymlar tarapyndan geçirilen täze gözlegleriň netijesinde-de ýüze çykaryldy. Aslynda, bu usulyň ýaşyň ýokarlanmagynyň netijesinde ýaş nesillerde

Ýagtylykda uklamak howplumy?

30.11.2025
Ýagtyda uklamak diňe bir ukynyň hilini peseldýän faktor däldir. Hatda ýagtylykda uklamaklygyň bedeniňize ýetirýän zyýany bar. Biziň hemmämiz çagalygymyzda yşyk bilen uklap ýatan wagtymyzy
GitTop