Kabul edişiň psihologiýasy, ony öwrenmegiň ähmiýeti

06.05.2024
  1. Okaýanlara kabul edişiň mazmunynywe onuň duýmadan tapawudyny sapagyň başynda düşündirmeli. Duýma predmetiň we hadysalaryň aýry-aýry häsiýetlerini şöhlelendirýär. Kabul ediş bolsa adama predmetiň, hadysanyň hilini, häsiýetiniň köptaraplylygyny bitewilikde şöhlelendirýär. Hakykat predmetleriň häsiýeti biri-birinden aýrylmazdyr. Predmetleriň, hadysalaryň adamyň analizatorlary teklip edilmek dürli duýmalar ýüze çykarýar. Olaryň arasynda berk baglanyşyk emele gelýär. Onuň esasynda predmetleriň bitewilikde şöhlelenmesi bolup geçýär. Ol özünden çylşyrymly hadysany düzýär. Hil taýdan bolsa duýmadan tapawutlanýar.
  2. Predmetiň şekili adamlaryň kabul edşinde, aňynda dörände öz işiniň onuňaýry-aýry häsiýetlerinden daşary adamyň geçmişdäki tejribesini, predmet baradaky bilenimi we oňa bolan gatnaşgyny alýar.Adamyň ökde tejribesine laýyklykda-appersepsiýa-adamyň predmet we hadysa barada alan bilimleri, oňa gatnaşygy şahsyýet gönükdirilmesini düzýär. Hemme kabul edişler şahsyýetiň aýratynlygy boýunça zeurulygy boýunça gyzyklanmasy duýgusy şol wagty psihiki ýagdaýyna görä döräp geçýär.
  3. Esasy kabul edişiň häsiýeti bolup,onuň göwrümi kabul edýär. Kabul edişhem duýma ýaly reflektor esasy bar. Kabul ediş hadysada biz diňe predmetiň häsiýetlerine, böleklerine biri-biri bilen gatnaşygynda üns berýäris.
  4. Kabul edişiň ösüşi pikirlenme bilen berk baglanyşykly. Pikirlenme kabulediş hadysasyna manysy häsiýet berýär. Manylyk we umumylaşdyrmak adamyň kabul edişiň hili bolýar. Belli bir predmetleri hadysalary adam kabul edip häsiýeti boýunça böleklere bölünýär. Manysy we umumylaşdyrma kabul ediş uly adamda we çagada tapawutlanýar. Ol pikirlenmäniň ösüş derejesine adamyň tejribesine hem bagly bolýar. Çaga predmetleri aýra aýralykda kabul edip, olary toparlara goşmalydyr. Pikirlenme we ösüş hadysanyň öösmegi bilen çaganyň kabul ediş häsiýeti üýtgeýär.
  5. Kabul edişiň oýlap tapyjylykly häsiýeti obýektiň kabul edişine baglybolýar. Onuň şerti bolup kabul edilýän adamyň şahsyýetiň mazmunynda kabul etmeklik ilen gyzyklanýar, tejribesi, maksady.
  6. Ilýuziýa baradaky sorag kabul edişiň aldanmalary. Ony onuňaýratynlygynda aýry seretmeli däl. Aldanmalar adamlarda öň bar bolan gatnaşyklarda hem ýüze çykyp bilýär.
  7. Wagty we giňişligi kabul etmäni kabul edişiň umumy kanunalaýyklygyBilen seretmeli. Kabul edişiň bu görnüşiniň esasy häsiýeti adamyň toplan tejribeligine we bilimine daýanýar. Giňişligi kabul ediş ilki bilen çaganyň giňişlikde edýän hereketleri bilen ýerine ýetirildi. Durmuşy tejribe wagty kabul edişi ösdürmek ilkinji basgançagy bolup durýar.
  8. Bu temada esasy sorag bolup syn etme we syn etmäni ösdürmekşahsyýetiň aýratynlygy bolup durýar. Adamyň kabul edişi hemişe onuň ýerine ýetirýän işi bilen bagly bolýar. Maksada okgunly iş aktiw kabul edişi talap edýär. Işde kabul edişiň ösmegi maksadaokgunlygy meýilleşdirilişi ulgamlygy ýüze çykýar.

Yslamberdi TYLLANUROW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:18 am, Nov 23, 2024
temperature icon 8°C
облачно с прояснениями
Humidity 81 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

“Berkarar Döwletiň Täze Eýýamynyň Bagtyýar Gerçekleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň netijeleri

Next Story

Awtomatlaşdyrylan asinhron elektrik hereketegetirijili desse göteriji desga

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop