cover image THE ASHGABAT TIMES

Saglygym – baş baýlygym

06.05.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga çekmek, bedenterbiýe-sport we Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly asylly maksatlar uly rowaçlyklara beslenýär.
Ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalaryna çuň mazmun bermek bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has belende göterdi.
Bu halkara çäresi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini hem dabaralandyrýar. Ýeri gelende bellesek, Arkadagly eýýamymyzda «Professional sport hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň kämil hukuk binýady boldy.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar» diýip, jaýdar belläp geçýär.
Sportly mekanymyzyň halkara abraýynyň has belende göterilmegi üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Yslamberdi NURYÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
gbhufghu THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gün energiýasynyň oba hojalykda ulanylşy

prikladnaya geologiya 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Geologik surata düşürmek we kartalaşdyrmak işleri

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop