85d71a6a f779 4629 93f9 5c1fd53df1a8 THE ASHGABAT TIMES

  Ýollary rowan “Galkynyş”                  

03.04.2025

     Türkmenistan diýarymyzda Mary welaýatynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz käni bu gün dünýäniň çar künjüne uzaýan ykdysadyýet gollarynyň biri bolmak bilen , ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň öňdebaryjy nokadydyr. Halkara gatnaşykalrynyň üstünlikli taraplaryny hem saýlamak bu günki gün gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagy, tehnologik ösüş, bir-birege bolan dostana gatnaşyklaryny ýola goýmagy bolsa,esasy zatlaryň biridir.Biziň durmuşymyzda ýüze çykýan her bir hadysanyň dostlarymyz bilen paýlaşylmagy bolsa,esasy zerurlygyň biridir. Hä­zir­ki dö­wür­de gaz ge­çi­ri­ji­niň tas­la­ma­sy­nyň baş­lan­gyç teh­ni­ki-tas­la­ma res­mi­na­ma­la­ry taý­ýar­la­nyp, gat­na­şy­jy döw­let­le­riň de­giş­li eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan yla­la­şyl­dy. Türkmen diýarynyň hili taýdan ýokarlanýan önümleri bilen, dostana gelýän myhmanlarynyň hoşniýetli gatnaşygy bilen şeýle- de Türkmen diýarynda Garaşsyzlygyň netijesi bilen ölçelýär. Parahatçylyga we hoşniýetli goň­şuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan su syýasy ähmiýetli döwletara çäresi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.Ýurdumyzda geçirilýän beýleki çäreler hem halk bähbitli işleriň amala aşyrylmasy esasynda örän köp işleriň amala aşyrylýandygyny subut edýär. Eksport gaz geçirijiliginiň ykdysady üstünligi bu günki gün dünýä bazarynda harydy iň gowy satylýan hökmünde ykydsady bazaryň abraýyny artdyrmasy biziň her birimiziň öz watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar. 2013- nji ýyllarda ykdysadymyzyň milli baýlygyna daýanyp, açylmasy juda uly şatlyk döreden “Galkynyş” gaz käni bu günki gün ýurdumyzyň ykdysady netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen ilata hem-de dünýä bazaryna özüniň gerekli harydy bilen bilikde uly goşant goşýandygy mälimdir. Islendik ýurduň ösüşi, ilki bilen onuň ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Döwrebap ýurt bilen bagly üstünlikli arzuwlara beslenýän halkymyz täze – täze innowasiýon ösüşlere şaýat bolup, Hormatly Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagy bilen we Hormatly  Prezidentimiziň tagallasy bilen  ýurdumyzda eýýäm birnäçe ýyl bäri hereket edip duran Türkmeistan –Hytaý gaz geçirijisi ýüpek ýolunyň bu günki modern hereketlendiriji güçýçleriniň biridir we munuň özi diňe bir ýurdumyzyň däl dünýäniň ykdysady gaz torlarynyň naýbaşy ýollaryny öz içine alýan nokatdyr.

Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň arasynda gol çekilen Çarçuwlay ylalaşyga laýyklykda  karz serişdeleriniň milliardlarça mümkinçiliklerinden peýdalanan Ýolöten “Galkynyş” gaz käni “Türkmengaz” konserniniň bu günki gün önümi juda ýokary bolan we halkara abraýdan peýdalanýan ykdysady çözgütleriň biri bolmak bilen abraýdan peýdalanýar. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynyň ýerasty baýlyklara baý bolan nokatlarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz geçirijisiniň halkara arenada tutýan orny biziň ýurdumyzda hem ähli pudaklarda edara- kärhanalaryň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurudmyzyň ösüşleriniň dünýä standartyna laýyk gelýän täze tehnologiki mümkinçilikler bilen üpjün edilmegi burawçylara önümçiligiň ýokary depgini saklap galmaga mümkinçilik berýär. “Galkynyş” gaz geçirijisiniň üsti bilen Türkmenistanyň milli ykdysady derejesini beýgeltmekde üstünlikler gazanylmagy bu günki gün türkmen gazynyň çykarmak, toplamak we satyş işlerinde ykdysady giňişligi has doly netije bermekde üstünliklere besleýänligi bilen taýýardyr. Dürli ugurlar boýunça sanlaşma häzirki zaman ösüş ugurlarynda tehnologiýanyň güýjüniň nähili derejede ýokarydygyndan habar berýär. Şeýlelikde bu işler bilen bir hatarda halkara arenalaryna çykmak, ýurdumyzyň durmuş- ykdysady üpjünçiligini ýola goýmak Orta Aziýa sebitindäki ýurtlara degişli bolup, bu günki gün Orta Aziýanyň üstaşyr geçelgeleriniň iň amatly suw menzilidir hem-de ykdysady üstünligi bilen ýer alandyr. Türkmenistanyň nebit- gaz pudagy hem ýurdumyzda iň ýokary görkezijili , ilatyň hem dünýäniň hem şol bir wgatyň özünde sarp edijiligi beýik bolan ajaýyp ösüşlere salgylanýan ýokary hil derejeli ösüşleriň mekanydyr.Türkmenistan nijeme asyrlar bäri iň ýokary derejäni nebit we gaz ulgamynda, ýangyç hem- de beýleki çyg mallar ulgamynda ýokary bahalar gazanan ýurtdyr. Ýudumyzyň berekedi, ylahy nazar bilen berilen ruhy ahwalaty bu günki gün Garaşsyzlygyň miwesidir. “Galkynyş” gaz käninde karbonat önümli gatlagyň ýokarky kelloweý- oksford bölümine degişli bolmasy konserniň 2009-njy ýyldan şu güne çenli alnan maddalardaky hiline bolan islegiň ýokarydygyny subut etdi. Elbetde beýik döwletler gurulanda ilki bilen ykdysady zerurlyklar öňe tutulýar.  Öz berekedi, dünýä belli taryhy özboluşlylygy bilen bu topraklarda alynýan önümiň hiliniň ýokarylygy hakda ýurdumyzda we dünýäniň ýüzünde geçirilýän halkara maslahatlarda hem bellenip geçilýär.

      Özüniň gözelligini hem- de dünýäniň alymlarynyň ünsüni özünde saklaýan Marguş bu günki gün medeniýetiň, ykdysadyýetiň, senagatyň hem esasy ösen ýerleriniň biridir. Çünki gadymy ýüpek ýolunyň Marguşyň üstünden geçmegi bu günki gün senagatymyzda ýola goýulan ýekary derejeli üstaşyr geçelgeleriň hem jemidir. Çünkii gaz geçirijisiniň halkara abraýynyň gün- günden artmagy bu günki gün türkmenistanyň parahatsöýüjilikli ilatynyň derejesini artdyrýar. Şol bir wgatyň özünde ýokary hilli pudaklaryň biri bolan nebit –gaz pudagy bolsa, ykdysady hem zerurlyk boýunça ynsanlyk öňdebaryjylygyny eýeleýän pudaklardan ybaratdyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ykdysady derejämiziň ýokary göterilmegi bilen halk bähbitli we ýurt ähmiýetli işleriň ýola goýulmagy halkymyzy begendirýär..       

      Hormatly  Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ýurdumyzy ýer ýüzüniň dostana döwletleri bilen aragatnaşyk saklamakda ykdysady ulgamda geçirilýän işleri nazar alyp , ösdürmek  tagallasy bilen ýurdumyzda Nebit we Gaz pudagyna berilýän ünsler halk bähbitli işleriň hemişelik ýola goýulandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi ýokary hilli önümi bolan islendik döwletiň dünýä bazarynda ornunyň bardygyny halkyna açyp görkezmesidir.Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan gözbaş alan bu halk bähbitli aladalar gelejekde ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş şertlerini has- da gowulandyrmak we şol babatda edilýän işlere has içgin garamak ýaly netijeler bilen baglanşyklydyr. Ýurdumyz Garaşsyzlygyň datly miweleriniň naýbaşysyny öz goýnunda siňdirip, ýangyç meselesi çözülen döwletimizde, hat- da uzaklarda baryp bolmaýan nokatlarda hem elýeterli bolan ýangyç önümleriniň bardygy guwandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly serdarymyzyň edýän işleri nebit we gaz pudagy ugrunda ösüşleriň mekany bolan Türkmenistanda giň gerime eýe. Munuň özi bolsa, dünýä bazary bilen bagly işleriň dostana gatnaşyklara birleşip, ykdysady üstünlikleri ýola goýmak derejesi diýmekdir.Halkara derejeli maslahatlarda bolsa biziň ýurdumyzyň abraýy barha artýar. Döwletimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, energetika strategiýasynda hem ykdysady taýdan esaslandyrylan we energiýa howpsyzlygy, şeýle hem daşky gurşawy aýawly saklamak nukdaýnazary uly kepile eýedir. Döwletimiziň ösüşleri ýokary.Ýurdumyzyň bereketli topraklarynda ýaşap, halal gazanç edip, maşgalaňy awadan saklap, watana bolan söýgüňi bu günki gün halkyňa, ýurduňa hyzmat etmek bilen subut etmek bolsa, gör nähili ýakymly. Biz ýaşlar bu ajaýyp üstünliklere begenýäris, buýsanýarys.

   Türkmen energiýa serişdeleriniň dürli görnüşlerini dünýä bazaryna satmak we şol babatynda işler geçirmek, dünýä bazarynda türkmen topragyndan gazylyp alnan baýlyklary dünýä bazarynda islegli haryda öwürmek meselesi bolsa, bu edilýän işlere esas bolup durýar.  Ýurdumyzda “Halkara Parahatçylyk hem – de ynanyşmak ýylynda” ykdysady ösüşimiziň aýratyn pudaklarynyň biri bolan nebit we gaz ulgamynda hem edilen işler asyrlara barabardyr. Nebit we gaz ulgamy – da bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. Diýarymyzyň nebit we gaz käni çykýan ýerlerinden alnan önümiň bahasy has-da artyp , beýik ykdysady ädimleri ätleýär. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwuklandyrylan gaz ýüklenen demir ýol wagonlarynyň dünýä ýaýramagy bolsa, halkara tarapy bu işlerde ýokary netije gazanylmagyny öňräkden bäri saglaýar. Ýurdumyzyň ykdysady ugurlarynyň gün geldikçe ösmegi bilen bilrikde biziň türkmen topragymyzyň umumy taryhy çeşmelerde bellenip geçilýär. Munuň özi bereketli topragymyzda ykdysady üstünlikleriniň naýbaşysy bolan  nebit we gaz ulgamy- da dünýä ykdysadyýetinde halkara abraýa eýe bolýar. Nebit gaz ulgamynda komputerler bilen baglanşykly işleri amala aşyrmakda edilýän işleriň has ýokarlandyrmagy bolsa, bizi ýaş nesil hökmünde öňkülerden hem has uly üstünliklere ýetmäge mümkinçilik döredýär. Çünki tehnologiýalar häzirki döwürde ösjek derejesinde ösdi. Nebit – gaz ulgamynda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de ilerlemesinde tehnologiýalar häzirki döwürde goňşuçylyk gatnaşyklarynda bir- biregi goldamak we bir – birege sarpa goýmak endikleri türkmen halkynyň ganynda bar. Ösüşleriň arasynda  kompýuterleşdirilen üstünlikleri bolan dürli enjamlar, hyzmatlar, öý we beýleki ýerler kompýuterleriň kömegi bilen düýbünden başga bir görnüşli işe geçip gitdi.  Bazar ykdysadyýeti bilen birlikde biziň durmuşymya gowy ornaşmak bilen bilrikde ýokary hilli netijeleri gazanmak üçin täze gözlegler edilmegi edil häzirki günde adamzadyň ýokary derejeli üstünliklerini yzarlamaga we şol üstünlikleriň hemrasy boljak adamzadyň durmuşynda täzelik döretmäge bolan höwesler häzriki zaman tygşytlylygyny hem- de öz baýlyklaryňa eýelik etmek şygary bilen birlikde Türkmenistany innowasiýon özgertmeler esasynda ösdürmek hem- de bu ösüşleriň sakasynda halkymyzyň ýaşaýyş wezipeleriň biridir. Nebit we gaz ulgamynda komputer tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda zähmet çekýän raýatlaryň işlerini ýeňilldirdi we ýaş nesle goldow boldy. Önümçiligiň ösüşi onuň şertleriniň mukdar taýdan artdyrylmagy esasynda amala aşyrylsa işleriň mundan beýläk-de ilerlemesinde gahryman Arkadagymyzyň görelde ,  direg bolup durýan ykdyady netijelere daýanmagy bolsa, bu günki gün has ýokary netijäni gazanmaga mümkinçilik döredýär. Gahryman Arkadagymyz hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, desgalaryň bezeg işleriniň, olarda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebap bolmalydygyna ünsi çekdi.  Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmeginde merkezleşen köp işler logistik dünýägaraýyş bilen ösýär we häzirki döwürde dünýäniň çar künjünden habar almaga, tiz işlemäge we ykdysady çykdaýjylaryň sanynyň azalmagyna mümkinçilik döredýär.

 Ykdysady ösüş  jemgyýetçilik önüminiň we ony öndürmekligiň şertleriniň mukdar taýdan köpelmegine we hil taýdan kämilleşmegine düşünilýär. Önümçiligiň ösüşi onuň şertleriniň mukdar taýdan artdyrylmagy esasynda amala aşyrylsa ekstensiw ykdysady ösüş. Önümçiligiň ösüşi işgärleriň sanynyň köpeldilmeginiň hasabyna, çig malyň, materiallaryň, energetiki resurslaryň dolanyşyga goşmaça girizilmeginiň, täze gurluşygyň hasabyna alnyp barylsa, onda bu ösüşiň ekstensiw ýoludyr. Diýarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda alyp barýan işleriniň netijesinde  ilaty ykdysady taýdan üpjün ýaşatmak şertlerinde görelde bolmagyny dowam etdirýär. Biziň ýurdumyzda bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ugur alýan Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň durmuş- ykdysady şertlerini gowulandyrmak üçin edýän işleriniň iň esasylarynyň biridir. Ýurdumyzyň nebit we gaz ulgamynda bolup geçýän täzelikler halkymyzyň bagtyýar gelejegine tarap ädimleriň iň naýbaşylarynyň biridir.  Seýismiki barlaglaryň gurluş kartalarynyň netijesinden gaýtadan öwrenilýän jikme- jik nokatlaryň Günorta Ýolöten we , Ýolöten meýdanlarynda burawlama netijesinde alynýan önümleriň çuňluyk nokatlarynyň barlaglaryna aýratyn üns bermek bilen önümiň hiliniň ýokarylygyny gazanmagy başaran Ýolöten Gaz käni bu günki gün “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mundna beýläk-de ýokary netijeler gazanyp, ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda aýratyn rol oýnajakdygyna agzybir iş toparlarynyň üstünlikleri şaýatlyk edýär.   Türkmenistan diýarymyzyň ýaşyl baýdagy döwrümiziň depesinde parlap, häzirki zaman ösen ykdysady ugurlarda ilkinjiligi gazanmagy bilen bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýokary derejeler gazanmakda abraýa eýedir. Munuň bolsa, ýurdumyzy üçin netijeliligi ýokarydyr. Şeýle mümükinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň görkezen ak ýoly bilen hem-de Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen edilýän bu halk bähbitler hemişe rowaçlyklara beslenýär.

Wepa NUMADOW
Ýolöten etrap “Galkynyş” gaz käni kärhanasynyň operatory

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:56 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly: Durnukly Ösüşi Üpjün Etmekde Sebitara Ykdysady Hyzmatdaşlygyň Orny atly halkara forumda ykdysady ulgamyň ähmiýetleri

close up doctor with stethoscope THE ASHGABAT TIMES
Next Story

 Eger – de sagdyn bolsaň

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop