Nanotehnologiýa lukmançylyk pudagynda adamyň saglygyny goramak, keselleri ir ýüze çykarmak we has täsirli bejergi usullaryny döretmek babatda düýbünden täze mümkinçilikleri açýar. Nanometr derejesinde işlemek bilen, nanotehnologiýa dermançylykda täsirli çemeleşmeleri hödürleýär.
Rak keseliniň bejergisinde nanotehnologiýa uly öňegidişlik gazandy. Nanodaljalaryň ulanylmagy bilen derman serişdeleri diňe keselli öýjükleriň içine gönükdirilýär, bu bolsa sagdyn öýjükleri gorap, has täsirli we howpsuz bejergini üpjün edýär. Bu çemeleşme rak keseli bilen göreşde uly üstünliklere ýol açýar.
Şeýle hem nanotehnologiýa diagnostika babatda ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär. Nanomateriallar bilen işleýän täze enjamlar dürli keselleri has ir ýüze çykarmaga, has anyk test netijelerini almaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, nanosensorlar arkaly gan, ýag we dokumalarda keselleriň alamatlaryny has ir tapyp bolýar.
Nanotehnologiýa regeneratiw lukmançylykda hem uly rol oýnaýar. Şikeslenen dokumalary dikeltmek, deri örtüklerini döretmek ýa-da organlaryň ýerleşdirilmegini üpjün etmek üçin nanomateriallar ulanylýar. Bu täzelikler beýik ylmy üstünliklere ýol açyp, saglygy dikeltmekde täze mümkinçilikleri hödürleýär.
Nanotehnologiýa lukmançylykda diňe bir häzirki zaman keselleriniň bejergisini gowulandyrman, eýsem adamyň saglygyny gorap saklamak üçin geljekki tehnologiýalaryň gapysyny açýar.
Atamyrat SAZAKOW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy