67ebdca6bb76b376 THE ASHGABAT TIMES

«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly sport çäreleri ýaýbaňlandyryldy

07.04.2025

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly köpçülikleýin sport çäreleri ýaýbaňlandyryldy.«Sport – parahatçylygyň ilçisi»  atly talyplaryň arasyndaky sport ýaryşlary ussatlary ýüze çykarmak bilen bir hatarda sportuň belent ösüşlere utgaşýandygyny äşgär edýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary sportuň woleýbol, futzal, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça bäsleşmek bilen özleriniň ussatlyklaryny görkezýärler. Sport ýaryşlary adybir halkara ylmy-amaly maslahaty, daşary ýurtly wekilleriň gatnaşmagynda ussatlyk we görkezme sapaklar, sport üstünlikleriniň sergisi bilen Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyldy.

Dabaranyň açylyşynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz we tans topary, şeýle-de ýaş gimnastikaçylar topary çykyş etdiler. Olar dabaranyň myhmanlaryna ýatdan çykmajak täsirleri paýladylar. Şeýle çäreler diňe bir sportuň ähmiýetini wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ruhlandyrmakda hem uly orna eýedir. Sporta we sagdyn durmuş ýörelgelerine uly üns berilýän ýurdumyzda şeýle çäreleriň geçirilmegi milli sportuň ösmegine itergi berip, ýaş nesliň sagdyn hem-de ruhubelent ösmegine mümkinçilik döredýär.Berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TÜRKMEN DÖWLET BEDENTERBIÝE WE SPORT INSTITUTY habar berýäri

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
mejlis THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGYNYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝET PARLAMENTARA BILELEŞIGINIŇ 150–NJI ÝUBILEÝ ASSAMBLEÝASYNA GATNAŞDY

67f00ab8048b6722 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkara maslahatyň çäklerinde görkezme sapaklary we sport üstünlikleriniň sergisi

Soňkylar Sport

Sport we bedenterbiýe ulgamy

Türkmen sportunyň dabaralanmagy

24.11.2025
Türkmenistanyň sport we bedenterbiýe ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy barada aýdanymyzda, ýurdumyz Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen halkara sport birleşikleri bilen gatnaşyklary işjeň ýagdaýda

Futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

19.11.2025
Paýtagtymyzyň «Köpetdag» futzal topary nobatdaky gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky topar Naýbaşy liganyň ýakynda tamamlanan möwsüminde geçiren 20 duşuşygynyň 15-sinde
GitTop