Ýurdumyzyň parahatçylygyny hem – de Bitaraplygyny saglaýan ýer häzirki döwürde ýüpek ýoluň çatrygynda bolmak bilen geografik taýdan örän amatlylygy bilen bir hatarda Bitaraplygynyň hem şu günki gün wajyplygyny özünde saklaýar. Ýüpek ýoluň çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi örän ähmiýetlidir. Munuň özi bu günki gün Türkmenistanyň liderlik häsiýeti özünde saklaýan döwletdiginden hem bellidir.
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ylmy –tehnologiýa boýunça himiýa senagatynda öndümegi mümkin bolan her bir çyg maly öwrenip, ýurdumyzda senagaty has-da giňişleýin ýola goýmak, himiýa senagaty boýunça edilýän işlerde ýerli çyg mallarymyzy ulanmak hem şeýle-de ýurudmyzyň halkara giňişligine senagatyň dürli pudakalry boýunça gol salmak – bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadgly Gahryman Serdarymyzyň döwletimizi mundan beýläk-de baýatmak hem-de onuň islendik ýurt bilen dostanagatnaşyklaryny berkitmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Topragyndan iň gymmat baýlyklar önýän Döwletimiziň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaş derejesini mynasyp eýelemegi, Ýewraziýa yklymynda dürli ugurlar boýunça energiýa gorlaryny yzygiderli eksport etmek boýunça mümkinçiliklerini artdyrýar.Bu ugurlaryň gün geldikçe ösmegi bolsa,gadymy ýüpek ýolunyň üstünde ýerleşýän türkmen topragyna bolan gyzyklanmanyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde himiýa senagaty boýunça edilýän taslamasynyň taýýarlanyp, gatnaşyjy döwletleriň degişli edaralary tarapyndan ylalaşylmagy hem parahatçylygy söýüji ýurduň çäklerinde edilýän işleriň diňe adamzat bähbidine çözülýändiginiň alamatydyr. Munuň özi halkara çäklerde topragynyň mazmuny has artýan ýurdumyz üçin abraýdyr. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň çäklerinde taslamanyň daşky gurşawa ýetirjek täsirini bahalandyrmak işleri tamamlanyp, onuň netijeleri alyndy. Işleriň guramaçylyk derejesi, zähmeti goramak we senagat howpsuzlygy talaplarynyň berjaý edilmegi, şeýle hem täze tehnikalaryň ulanylmagy burawçylara önümçiligiň ýokary depgini saklap galmaga mümkinçilik berýär.
Türkmen diýarynyň hili taýdan ýokarlanýan önümleri bilen, dostana gelýän myhmanlarynyň hoşniýetli gatnaşygy bilen şeýle- de Türkmen diýarynda Garaşsyzlygyň netijesi bilen ölçelýär. Parahatçylyga we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan su syýasy ähmiýetli döwletara çäresi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.Ýurdumyzda geçirilýän beýleki çäreler hem halk bähbitli işleriň amala aşyrylmasy esasynda örän köp işleriň amala aşyrylýandygyny subut edýär. Watanymyzyň ösüşiniň, abadançylygynyň bähbidine Döwletimiziň ýokary derejeli ösüşleri diňe Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyryldy. Häzirki wagtda desgalary dolandyrmak, gurmak we halk üçin, şeýle- de maksatly desgalary gurup ulanylmaga berilmegi Garaşszylyk ýylalry içinde ýurdumyzda gurluşga berlen ünsüň üstünlikli taraplaryny ýüze çykarýar. Häzriki wagtda dünýäniň çar künjünde ýaşaýan halklaryň bu görüm- göreldäni yzygiderli dowam edýändigini bolsa, ýurdumyza gelýän beýleki döwletleriň wekilleri subut edýär.
Her bir döwletiň ösüşleri onuň ynsanlaryň zehinlerine,halkynyň bilim – sowatlylygyna , şeýle- de mümkinçilikleriň açaryny özünde saklaýşyna bagly bolýar. Islendik ýurduň ösüşi, ilki bilen onuň ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şonuň üçin jemgyýetiň arasynda ylmyň häzirki zaman gazanan netijelerini durmuşa ornaşdyrmak, döwrebap ýurt bilen bagly üstünlikli arzuwlara beslenýän halkymyz täze – täze innowasiýon ösüşlere şaýat bolup, ýaşaýyş şertleriniň ösüşlerini hem öz durmuşlarynda başdan geçirýär.Türkmenistanyň pudaklary sanly ulgama geçirmek boýunça möhüm weziperleriň mümkinçilikleri günsaýyn giňeýär.Ýurdumyzda edara- kärhanalary sanlaşdyrmak işleri bu günki gün ýurt babatynda alnyp abrylmagy bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Maglumat – kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynyň goşmaça ösüşini üpjün etmekden, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmagy göz öňünde tutulmagy bolsa senagatyň ösüş derejelerinde her günki täzelikleri kesgitleýär.Ylmyň – bilimiň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak üçin hem birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Sanly senagatyň ösüşlerinden ugur alýan innowasiýon merkezleriň döredilmegi, şol merkezlerde edilýän işler, türkmen ýaşlarynyň oýlap tapýan täzelikleri bolsa, bu günki gün halkymyzyň başyny göge ýetirýär. Bank ulgamynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, bu ulgamyň yzygiderli kämilleşmegine gündelik ösüşleri bolsa şeýle mmükinçilikleri özünde saklaýar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Guwlyduz” kärhanasynyň Owganystanyň hususy kärhanalaryna külkelenen duzy iýbermesi-de munuň bir mysalydyr. Halkara gatnaşyklarynda hem-de goňşy döwletler bilen tejribe paýlaşmak ýurdumyzda senagatyň iň ösen ugurlary boýunça tejribe alyşmak mümkinçiligi bizi hem bu ugurda işleýän ýaşlary ýetişdirmekde sowatly, bilimli nesli kemala getirmekde öňümizde uly borç bolup durýar.”Guwlyduzyň” kuwwatlyklary ýylda kyrk müň tonna çenli ýokary hilli azyklyk duzuň umumy önümçilik möçberiniň kyrk müň tonna çenli artdyrylmagy hem soňky ýyllarda gazanylan netijelere halkara giňişligiň has uly täsiriniň bardygyny subut edýär.
Bu maglumatlar fosfor dökünleri babatynda hem şeýle.Türkmenistnayň Ylymlar Akademiýasynyň fosfor dökünleri bilen baglanşykly barlaglar geçirmesi bolsa, ýudumyzda Fosfor önümçiliginiň galyndylary bilen birlikde kükürt hem-de azot bilen baýlaşdyrylan öünmleriň maddy üpjünçilikde dürli ýerlerde ulanylmaga mümkinçilikleri bermegi bolsa, häzirki zaman senagatyň ösüş tertibini has-da ýokarlandyrýar.
Ýurdumyz halkara internet toruna giňden aralaşyp, sanly ulgamyň çäksiz mümkinçiliklerinden ýerlikli hem- de netijeli peýdalanylmaga giň gerim berildi. Ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn edaralary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralar, kärhanalar, guramalar hem-de hususy telekeçiler özleriniň ýörite web-saýtlaryny döredip, maglumat toruna işjeň goşulýarlar. Bu iş himiýa senagaty boýunça döwlet kärhanlarynda hem ýola goýulandyr. Dürli saýtlarymyzyň döredilmegi dünýäniň çar künjündäki senagatçylary türkmen senagatçylayrnyň işleri bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Iň esasy ugurlar boýunça edilýän işleriň netijeliligini görkezmek bilen halkymyzyň ýaşaýyş – şertlerini hem- de ruhy dünýäsini aýap saklamak hem – de döwrebap ösüşler bilen alyp gitmek meseleleri örboýuna galýar.
Ýerli çyg mallarymyzdan öndürilýän önümleriň hem hiliniň ýokarylygy ylmy barlaglaryň netijesinde ýüze çykýar hem-de bu günki gün dünýäniň sanlaşdyrylýan zamanasynda bir- birek bilen ykjam gatnaşyklary saklap, alymlaryň öwrenmegini gazanmak hem-de tejribe gazanmaklaryny gazanmak biziň ýurdumyzda häzirki döwürde himiýa senagaty boýunça ösen ugurlaryň biridir.
Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen halky ösüşlerden ösüşlere barýandygyny hem – de Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary halkymyzy bu gün bagtyýar durumyşyň şaýady bolmaga mümkinçilik döredýär. Ösüşlere şamçyrag bolup duran – Arkadagymyzyň ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlarymyza berýän ündewleri olaryň ukyp – başarnygyny Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmen ýurduna laýyk edip terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly pikirleri halkara giňişliginden sagdyn türkmen ýaşlarynyň gelejegini nazarlaýan ylymly – bilimli, zehinli ýaşlaryň ýörelgesi bolmagynda galýar.
Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesi bilen ýurdumyzda gelejege çeýe hem- de berk bedenli, sowatly ýaşlary ýetişdirmek bilen , täze mekana, has ösüşlere baý, dünýäniň ýüzünde mundan hem beýläk halkara abraýa eýe boljak mekanyň eýesi bolmaga ýol çelgi alýan ýaşlary okatmak we olary gelejege taýýarlamak üçin dünýäniň ösüşlerini öwrenmek üçin dünýäniň çar ýerine ylym- bilim almaga mümkinçiliklerden peýdalanýarlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen halkymyz Türkmenistan diýarymyzyň goýnunda Bitaraplyk derejesi bilen dünýä halkarlaryna parahatçylyk söýüji ugurlary boýunça ýetişýän ýaşlary bilen gelejekde himiýa senagaty boýunça tejribe alyşmak, hemişe adat bolan dünýä ýurtlarynda geçirilýän himiýa senagaty bilen bagly sergilerde öz önümlerimizi mahabat etmekde watanymyzyň buýsanjy bolan ýaşlary ýetişdirmek biziň borjumyzdyr.
Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň görkezen ak ýoly bilen diňe parahatçylygy dünýä ýaýmak miýesser etsin!
Aryf GULMADOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy