849fb3056bef7fd5b5f9bd48f632389d 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Diýarymyz ösüşde

16.04.2025

        Merkezi Aziýanyň we Hazar deňzi sebitiniň ähli ýurtlary üçin strategik ähmiýete eýedir. Munuň özi Türkmen senagatynyň hem-de ykdysadyýetiniň ösmeginde, ykdysady ugurlary düzmekde ýola goýulmagy hem – de muny ösen tejribelerden ugur alyp, ýüze çykarylmagy häzirki zaman sanlaşdyrma durmuşynda ýaş hünärmenlere has – da ýokry derejeli abraýlar gazanmaga mümkinçilik döredýär.

      Diýarymyzyň ykdysady ösüşinde deňziň täsiri güýçlidir. Munuň özi deňizden çykarylýan baýlyklarymyz bilen birlikde dünýäniň çar tarapyna uzaýan bu ugurlar boýunça  logistik halkanyň hem merkezi nokatlarynyň biridir. Nebit we gaz ulgamy- da hem-de senagat ugry bolan himiýa senagatynda hem uly üstünliklere eýedir. Bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. Diýarymyzyň nebit we gaz käni hem – de himiýa senagaty boýunça öndürilýän önümleriň hiliniň gowydan – gowysynyň gazylyp alynmagy hem-de önümçilige goýberilmesi alnan önümiň bahasy has-da artyp , beýik ykdysady ädimleri ätleýär. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwuklandyrylan gaz ýüklenen demir ýollarynyň hem-de himiýa senagaty boýunça öndürilýän önümleri dünýä ýaýaramagy bu günki gün ýaş hünärmenlere halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň ýokary netije gazanmagynyň üstünlikleri hakynda gürrüň bermäge mümkinçilik döredýär.   Ýurdumyzyň ykdysady ugurlarynyň bereketli topragymyzda ykdysady üstünlikleriniň naýbaşysy bolan  nebit we gaz ulgamy-da şeýle – de senagat ulgamy-da dünýä ykdysadyýetinde halkara abraýa eýe bolýar. Nebit- gaz, senagat aýratyn-da himiýa senagaty bilen baglanşykly işleri amala aşyrmakda edilýän işleriň has hökmünde öňkülerden hem has uly üstünliklere ýetmäge mümkinçilik döredýär. Çünki ösen tehnologiýalar häzirki döwürde goňşuçylyk gatnaşyklarynda şol üstünlikleriň hemrasy boljak adamzadyň durmuşynda täzelik döretmäge bolan höwesler häzriki zaman tygşytlylygyny hem – de öz baýlyklaryňa eýelik etmek şygary bilen birlikde Türkmenistany halkymyzyň ýaşaýyş wezipeleriň biridir.  Sebitleriň döwletleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagyna,  mümkinçilikleri giňeltmäge taýýar bolmagy kuwwatly gelejegi  ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň uly – ykdysady, energetika we ulag- aragatnaşyk ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň aýdyň başlamagy dünýä arenasynda onuň abraýynyň ýokarydygy bilen düşündirilýär. Dostana döwlet  halkara nebit we gaz kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen bäsleşýärler. Ýurdumyzyň himiýa senagaty hem-de nebit we gaz ulgamyndaaýratyn senagatyň ösen taraplary bilen dünýäni tanyşdyrmak üçin esasy  ugurlary tehnologik tgalymatlar bilen gurşalan işler ýokary netijeliligi berýär. Komputer tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda zähmet çekýän raýatlaryň işlerini ýeňilldirdi we ýaş nesle goltgy boldy. Ykdysady ösüş ekstensiw ýa-da intensiw görnüşde bolup biler.

      Esasan hem himiýa sengatynyň wajyplygyny öňe çykarmak bilen bilrikde onuň şertleriniň hil taýdan artdyrylmagy esasynda amala aşyrylsa işleriň mundan beýläk – de ilerlemesinde Gahryman Arkadagymyzyň görelde ,  direg bolup durýan ykdyady netijelere daýanmagy bolsa, bu günki gün has ýokary netijäni gazanmaga mümkinçilik döredýär.

     Il – halk ähmiýetli, döwlet bähbitli işleriň geçirilmegi bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ugur alýan Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň durmuş- ykdysady şertlerini gowulandyrmak üçin edýän işleriniň iň esasylarynyň biridir. Bu günki gün ýurtda ykdysady üpjünçiligi saklamak we şol üpjünçilik esasyndaýokary görkezijilikli ykdysady ösüşleri üçin edilýän işleriň jemi ýokary derejelidir. Ykdysady ösüşiň iki görnüşi – de özara baglanyşyklydyr. Emma jemgyýetçilik önümçiliginiň ösüşiniň belli bir bolsun, şol ykdysady netijä hiç kimiň batyrynyp bilmeýändigi bolsa bu günki gün iş resminamalarynyň sanly ulgama geçirilmegi bilen subut edildi. Dünýäniň islendik nokadyndan internet ulgamy arkaly sargytlary ýerine ýetirip, ulag üpjünçiliginiň üsti bilen getirmäge mümkinçilik bar. Ýurdumyzyň nebit we gaz ulgamynda bolup geçýän täzelikler halkymyzyň bagtyýar gelejegine tarap ädimleriň iň naýbaşylarynyň biridir.

     Şeýle dostana gatnaşyklarda ýüze çykýan ýokary derejeli ykdysady girdeýjileriň sanlaşdyrylan düzgünleri bilen dünýäniň çar künjüne uzaýan diýarymyzyň dostlukly ykdysady goly hemişe öz şahalaryny ýaýratmakda, dünýä meşhurlygyny artdyrmakda ýaşlar üçin buýsançlydyr. Işjeňligiň artmasy hem – de şol işjeňligiň ýurdumyzy ösdürmek üçin edilen işlerde iň bir uly direg bolup durýan ykdyady netijelere daýanmagy bolsa, bu günki gün has ýokary netijäni gazanmaga mümkinçilik döredýär. Munuň özi islendik jemgyýet üçin kanunalaýyklykdyr.

    Ykdysady ösüş  jemgyýetçilik önüminiň we ony öndürmekligiň şertleriniň mukdar taýdan köpelmegine we hil taýdan kämilleşmegine düşünilýär. Ösen ykdysady we ugurlarda ilkinjiligi gazanmagy bilen bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň hem – de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýokary derejeler gazanmakda abraýa eýedir. Munuň bolsa, ýurdumyzy üçin netijeliligi ýokarydyr.

     Hazaryň kenarynda ilkinji adamlar 75 000 ýyl mundan ozal ýaşapdyrlar,Deňiz suwunyň doly täzelenmesi her 250 ýyldan bir gezek bolup geçýär, Garabogaz köl aýlagy Hazaryň iň uly we täsin aýlagydyr. Onuň duzlulygy 200%-e ýetýär,Hazar deňziniň ýaşy “6 million ýyl” diýlip hasaplanylýar,Hazar, Gara, Azow deňizleriniň we Aral deňziniň, şeýle- de wengerleriň Balaton kölüniň döremeginiň esasy çeşmesi gadymyýetde bu ýerde bolan Tetis ummanydyr.

    Deňiz hökmünde bolsa-da Hazaryň akymy ýokdur, muňa garamazdan deňizdäki suwuň mukdar derejesi durnuksyzdyr. Şeýlelikde deňiz enarynda nijeme müňläp janly- jandarlar, agaçlar bar bolan bu deňiz edil ýeriň ýüregi ýaly, ortaradadyr. Üç müň ýyllap suwuň derejesindäki üýtgeşmeler 40 metre ýetdi. Häzirlikçe Hazaryň suwunyň nirä gidýändigi nämälimligine galýar,munuň özi dünýäniň alymalryny hem gyzyklandyrýar.

      Şeýlelikde iň köp derýa akýan Hazara 130 derýa akýar. Deňizdäki lagym suwlarynyň takmynan 70% -ini Russiýanyň iň uly Wolga derýasy getirýär,Hazar deňzinde 50 sany ada bardyr.Hazar deňziniň gözelligi hem-de wajyplygy bolsa, esasy Orta Aziýa sebitindäki ýurtlara degişli bolup, bu günki gün Orta Aziýanyň üstaşyr geçelgeleriniň iň amatly suw menzilidir hem-de ykdysady hem senagat hem syýahatçylyk mekanyna öwrüldi. Hazar deňziniň kenarlarynda hemişe ýaşyllyk öwsüp dur. Onuň gözelligini görmäge göz gerek. Garagumuň dünýäde deňi- taýy ýok. Onuň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri we gözýetimleri açmak bilen bir hatarda tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda we baýlaşdyrmakda, şeýle hem tutuş sebitiň durnuklaşdyrmakda örän möhümdir. Häzirki wagtda Türkmen topragynyň baýlyklaryny netijeli peýdalanmak, Garagum sährasyny özleşdirmek, onda tokaý zolaklaryny döretmek, öri meýdanlaryny giňeltmek boýunça anyk çäreleriň toplumynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Öri meýdanlaryny giňeltmek,ykdysadyýeti hem-de senagaty mundan beýläk hem kämilleşdirmek, balykçylygy ösdürmek we suw serişdeleriniň goruny döretmek üçin giň mümkinçilikleri açylýandygy hakynda nijeme gezekler ýazdyma, ýöne gözüm bilen görmändigim üçin men bu zatlary arzuw hökmünde gelejekki ýüzýyllyklara çenli dowam eder.

      Her gysym topragynda baýlyga eýe bu ýerlerde nebit ýataklarynyň we gaz känleriniň tapylmagy bolsa, has dogrusy täze zamannyň gözel goýnunda ýaşaýan halkymyz şaýat boldy. Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­mlary- da olarda gu­rul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan döw­re­bap ýaşandygyny elbetde biziň bilmeýänimiz ýok.

     Hä­zir­ki dö­wür­de senagatyň çäklerde topragynyň mazmuny has artýan ýurdumyz üçin abraýdyr. Halk bähbitli işleriň amala aşyrylmasy esasynda örän köp işleriň amala aşyrylýandygyny subut edýär. Watanymyzyň ösüşiniň üstünlikli taraplaryny ýüze çykarýar. Häzriki wagtda dünýäniň çar künjünde ýaşaýan halklaryň bu görüm- göreldäni yzygiderli dowam edýändigini bolsa, ýurdumyza gelýän beýleki döwletleriň wekilleri subut edýär.

 Her bir döwletiň ösüşleri onuň ynsanlaryň zehinlerine,halkynyň bilim – sowatlylygyna , alnyp barylmagy bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi ykdysady tygşytlylyk bilen bir hatarda edilýän işlere goltgy bolýar.

Mekan KAKALYÝEW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz

uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
glawny 3 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Himiýa senagatynyň üstünlikleri             

rqhqe6abykd8djtpye6llcapwruly94ndjefyv7a THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop