Her bir döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ekologiýa meseleleriniň döwrebap çözgütler bilen utgaşdyrylmagy zerur şertleriň biri-dir. Biologik dürlüligi, aýratyn-da, seýrek duşýan, gymmatly görnüşleri we tebigy populýasiýalary gorap saklamak hem-de köpeltmek umumadamzat ähmiýetli wajyp meseleleriň biri hasaplanylýar.
Dünýä ýurtlarynda aýratyn goralýan tebigy ýerlerde görnüşleri we toplumlary (populýasiýalary) gorap saklamak, dikeltmek we sanyny artdyrmak, seýrek we ýitip barýan görnüşleri öňki ýiten ýerlerine gaýtaryp getirmek, täze ýerlere uýgunlaşdyrmak bilen bagly işler, ösümlikleriň seýrek görnüşlerini medeni şertlerde ösdürip ýetişdirmek we olaryň tebigy ýaýran ýerlerini gorap saklamak, tebigatyň ýyl ýazgysyny yzygiderli ýöretmek, täze ylmy maglumatlary toplamak, ekologiýa ýagdaýy hem-de ilatyň habarlylyk derejesini ýokarlandyr-mak boýunça işler alnyp barylýar. Görnüşleri goramagyň çäginde seýrek duş gelýän ösümlikleri ýygnamak we haýwanlary awlamak, olaryň ýumurtgalaryny ýygnamak, tutmak, kolleksiýa üçin toplamak, görnüşleriň we toplumlaryň (populýasiýalaryň) ýaşaýyş ýerlerine zeper ýetirmek gadagan edilýär.
Ýer ýüzünde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzyň hem biologik dürlülige örän baý tebigaty bar. Uçut gaýaly, dereli daglarymyz, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän çägeli çöllerimiz, tolkun atyp ýatan deňizdir derýalarymyz, süýji suwly dag çeşmelerimiz Watanymyzyň tebigatyna özboluşly gözellik berýär.
Türkmen halky asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy gorapdyr we tebigat täsinliklerini özüniň milli mirasyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna ornaşdyrypdyr, el işlerinde, aýdym-sazlarynda ajaýyp tebigatymyzy suratlandyryp görkezmegi başarypdyr, dünýä belli türkmen halylarynyň reňkini dürli ösümliklerden alyp bezäpdir, ýüzlerçe dermanlyk ösümlikleri halk luk-mançylygynda ulanypdyr. Şonuň üçin türkmenlerde tebigata bolan aýratyn sarpa, hormat asyrlarboýy saklanyp galyp, nesillerimiziň aňyna ornaşypdyr.
Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ajaýyp geneti-ki gaznasyny gorap saklamak, köpeltmek, indiki nesillere ýetirmek häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Gyzyl kitaby örän möhüm ähmiýete eýedir, biodürlüligiň hazynalar çeşmesidir.
Daýanç SÄHEROW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy