Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde sport halkymyzyň häzirki durmuşynyň, nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmeginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen sport zallary, meýdançalary bar. Sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler ýaşaýyş toplumlarynda-da göz öňünde tutulan. Olaryň çäklerinde çagalar üçin oýun, futbol, tennis meýdançalary we beýlekiler hereket edýär. Muňa aýdyň mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini görkezmek bolar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak diňe bir onlarça müň adamyň endigi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol halkyň durmuş ýörelgesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sport ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýelemekden ybaratdyr. Bu syýasatyň üstünligi hem-de aýdyň netijeleri ýurdumyzda bedenterbiýe–sagaldyş we sport hereketiniň sazlaşykly ösüşini emele getirdi.
Bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty döwlet tarapyndan goldamagyň çäklerinde bu ugurdaky milli kanunçylyk hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi we sportuň dabaralandyrylmagy milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly jebisleşdiriji güýje öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe-sport, Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi. Bu edaranyň öňünde duran wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda Türkmenistanda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar, döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän köpugurly stadionlaryň, ýöriteleşdirilen mekdepleriň, awtodromlaryň we beýleki möhüm desgalaryň gurulmagy bilen bagly möhüm taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky giň möçberli işler adamlary belent ynsanperwer ýörelgeleriň töwereginde birleşdirýän halkara sport hereketine düýpli goşant goşýan Watanymyzyň abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz welosport, atly sport, awtosport bilen yzygiderli meşgullanyp, ähli ildeşlerimize görelde bolýarlar. Munuň özi türgenlerimizi halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanmaga ruhlandyrýar. Ýylyň-ýylyna türkmen türgenleri dünýäniň sport giňişliginde has işjeň çykyş edip, dürli derejeli medallara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolýarlar. Ýurdumyz tutuş dünýäde temmäkiniň tüssesinden azat bolmak babatda öňdebaryjy görkezijilere eýe bolan ýurtdur. Halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ähli başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!
Ogulşirin MOMMYÝEWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy