Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, sport bilen meşgullanmaga höwesli bolan ýaşlaryň sanyny has-da artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralarynda degişli işler alnyp barylýar.
Berkarar döwletimiziň her bir raýatynyň, jemgyýetimiziň hem-de tutuş halkymyzyň medeni-ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmak, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek saglyk syýasatynyň esasy özenini düzýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň many-mazmunyny tutuş dünýä ýaýmakda hormatly Prezidentimiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz watandaşlarymyza nusgalyk görelde görkezýärler.
Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrýan bimöçber ynsanperwer işleri özüniň oňyn netijesini berýär. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Sport dostlugyň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň netijeli gurallarynyň biri bolmak bilen, adamzadyň gönümel ýaşaýyş durmuş şertlerine täsir edýän işjeňligi aňladýar. Yzygiderli sport bilen meşgullanýan adam elmydama ruhubelent we sagdyn bolýar. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, sporty ösdürmek, ruhy we beden taýdan kämil şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmekde giň mümkinçilikler döredilen.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşy, nesillerimiziň beden hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr.
Eşretli geljegimizi nazarlaýan beýik maksatlardan ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr!”, “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatyna laýyklykda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şeýle hem ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Beýik işler, belent maksatlar bilen täze üstünliklere ruhlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun, eziz Watanymyzda we tutuş dünýäde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge gönükdirilen ynsanperwer tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Aýnabat ÖWEZOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy