Dark
Light
26.01.2026
a039697c9313d7d3f85295ab40d8c979 THE ASHGABAT TIMES

Sagdynlyk — ruhubelentligiň binýady

06.05.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe-sport hereketi ýurdumyzda görlüp-eşidilmedik uly gerime we ösüşe eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda geçirilýän bedenterbiýe-saglyk we sport çärelerine watandaşlarymyzyň müňlerçesi, şol sanda ýaşlar hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.

Halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygy hakynda edilýän alada hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesini amala aşyrmak boýunça giň gerimli işleriň möhüm bölegi bolup durýar. Saglygy goraýyş, bedenterbiýedir sport döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ulgam bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy düýpli özgerdildi. Bu günki gün paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap, kämil enjamlar bilen üpjün edilen täze saglygy goraýyş we sport desgalarynyň ulanmaga berilmegi halkymyzyň saglygy barada edilýän aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridigine şaýatlyk edýän subutnamadyr.

Şeýle hem, ýaşlary watançylyk, belent ynsanperwerlik ruhunda we asylly milli ruhy-ahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemek, beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňe sürülýän wezipeleriň möhüm bölegi bolup durýar.

Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmakda, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmakda gymmatly durmuş ýörelgeleri kemala geldi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde halkara sport ýaryşlarynyň ýokary derejede geçirilýän künjekleriniň biri hökmünde hem giňden tanalýar. Bagtyýar we ruhubelent ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahsy göreldesine eýerip, sagdyn durmuş ýörelgesini özlerine hemra edinýärler. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişiň guralmagy ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir.

Halkymyzyň sagdyn, ruhubelent we bagtyýar durmuşy barada edýän çäksiz aladalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Döwletgeldi GARAÝEW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

roundtables THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda geçirilen tegelek stol duşuşygy UNFPA-nyň gender deňligi boýunça tapgyrlaýyn çäreleriniň başlangyjy boldy

i 52 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Energetika – uly ösüşlerimiziň berk binýady

Soňkylar Makalalar

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop