SATUWY HÖWESLENDIRMEGIŇ USULARY

24.01.2024

Satuwy höweslendirmegiň usullary kärhanalaryň haryt hakyndaky maglumatlary ýaýratmak we maksatlaýyn satyn alyjylaryň hut şu harydy satyn almaklaryna ynandyrmak boýunça işidir. Bu diňe bir mazamlama kompaniýalary däl-de, kärhananyň ýa-da harydyň imijini emele geteirýän wagyzyň çäklerindäki dürli çärelerdir. Şeýle çäreleriň wezipesi satyn alyjylaryň subýektiw aňyna ýetirip, önümiň şu önümde özi üçin haýsydyr bir gymmatlylygy tapmagy üçin obýektiw artykmaç taraplaryny tapmaklaryny gazanmakdyr.

Iň gowy usul potensial satyn alyjy bilen söhbetdeş bolup, haryt bilen giňişleýin tanyşdyrmakdyr. Bu potensial alyjynyň hökmany jogap reaksiýasyny döredip biljek gatnaşyklary döretjek, belli bir nyrhlara bolan anyk şahsy gatnaşyklary döretmekligi göz öňünde tutýar.

Satuwy höweslendirmek – satyn alyjylary çekmekde gysga möhletleýin we bir gezekleýin çäreler, ýagny, bäsleşikler, kuponlar, baýraklar ýaly zatlary öz içine alýar.

Olar özüne çekiji bolýarlar, çünki, olar satyn alyja nähildir bir gymmatly, ýa-da peýdaly ýeňillikli ýagdaýy teklip edýärler. Jogap reaksiýasy güýçli we operatiw-derhal reaksiýa döreýär. Ýöne ol ýagdaý durnukly däldir, ýagny, durnukly islegi emele getirmeýär. Ol diňe bazary öwrenmek, söwda pese gaçanda, kompaniýany alyp çykmak üçin satuwy janlandyrmak zerur bolanda ähmiýetlidir.

Pablik rileýşinz (propaganda, wagyz)- ýiti mazamlamak däl-de, şahsy däl we tölenmeýän täsirygtybarly maglumat bilen täzelik aýdylýan satyn aljylaryň giňden öz içine alynmagy.

-Mazamlama. Täjirçilik häsiýete eýedir. Gazet mazamlamasy arzanrak, radio-telewideniýe mazamlamasy bolsa gymmadrak bolýar.Ol söwdany güýçlendirmek üçinhem, ýa-da, harydyň durnukly oňyn obraz-keşbini- brendini saklamak üçin edilýär. Halkyň köpçülikleýin sarp edýän harytlarynyň, şol sanda Habar beriş serişdeleriniň önüminiň satuwynda mazamlama hut ýerlemekligiň höweslenditijisi hökmünde zerurdyr. Senagat harytlarynyň satuwynda bolsa—şahsy satuw usuly we ýerlemekligiň höweslendiririmlegi usuly hökmünde möhümdir.

Iki hili strategiýa bar: haryt geçirilýän tutuş ulgamyň zwenolary boýunça (lomaý, bölek) söwda harydy iteklemeklik (öndürijiniň özi harydyny alyja hödürleýär).

Orazdursun Gullykowa
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:35 am, Sep 20, 2024
temperature icon 21°C
облачно с прояснениями
Humidity 37 %
Pressure 1017 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

KEŞDELER – ZENAN DÜNÝÄSINIŇ ÄLEMGOŞARY

Next Story

MAGTYMGULY PYRAGY ÄHLI DÖWÜRLERIŇ ŞAHYRYDYR

Soňkylar Makalalar

ISGENDERGALA

20.09.2024
Rowaýatçylaryň aýtmagyna görä, bu galanyň adynyň «Isgendergala»bolmagynyň sebäbi şeýledir: Gadym wagtlarda Balkan daglarynyň düýbüni etekläp oturan obanyň ortasynda uly gala bolupdyr. Ol galanyň adamlary

Garaşsyzlyk – ýurdumyzyň sarsmaz geljegidir!

20.09.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp zamana. Şu ajaýyp zamanamyzyň her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Bagtyýar ilimiziň senenamamyzyň ajaýyp, naýbaşy baýramy bolan mukaddes

Grammatik derňew nusgalary

20.09.2024
Türkmen dilini grammatika taýdan derňemegiň esasy üç görnüşi mälimdir: fonetik derňew, morfologik derňew, sintaktik derňew. Fonetik derňew sözleriň ses düzümini derňemekdir. Munda sözi emele
GitTop