c5cf942308c51a820635aee0aaa40c45 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen halysy – medeni özboluşlylygymyzyň görkezijisi

13.05.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä meşhur halyçylyk sungatymyz günsaýyn ösýär. Haly bu biziň milli sungatymyzyň bereketli bulagy. Enelerimiziň dokan durky-düýrmegi bilen gözellige ýugrulan bu halylary synlanyňda, eneleriň kalbynyň gözelligini duýmak bolýar. Köküni irki döwürlerden alyp gaýdýan halyçylyk sungatynyň ussady mähriban käbelerimizden bize miras galan halyçylyk sungadyndan öwrenere zat köp. Däp-dessurlaryny, milli gymmatlyklaryny gözüniň göreji ýaly ezizlän ene-mamalarymyz ir döwürlerde-de halyny satmak üçin däl-de, özüniň durmuş hajaty üçin dokapdyrlar. 

Keşbi kalbymyza baky ornan «Eden işi nusgalyk, geplän gepi güwälik» mähriban käbelerimiziň uz barmaklary bilen sünnälenen ol işler biziň ýüregimiziň ömürlik nagşydyr.

«Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz» diýip, ata-babalarymyz örän jaýdar aýdypdyrlar. Gadymy milli senedimize röwşen öwüşgin çaýýan çeper elli halyçy gelin-gyzlarymyzyň yhlasyndan döreýän, gözleriňi gamaşdyryp duran juda owadan, nepis halylary, onuň çeper nagyşlaryny bu gün görmäge göz gerek. Eger-de halynyň göllerine seretseň, ol türkmeniň durmuşyndan üzňe däl. Onuň göllerinde türkmeniň hal-ýagdaýy, ykbaly, durmuşy şekillendirilýär. Ýomut halylaryndan örän özboluşly «gabsa gölüni» alyp göreliň. Ol Hazaryň kenarynda balyk tutulýan gaýygy ýatladypdyr. Bu bolsa türkmenleriň öňki döwürde balykçylyk bilen meşgullanandygyny aňladypdyr.

Halynyň hili çitimiň gürlügine, reňkleriň sazlaşygyna, gyrasynyň dogrulygyna we gölleriň salnyşyna bagly bolupdyr. Esasy ulanylýan bir ýüzli haly bolsa-da, ökde halyçylar iki ýüzli çitimli halylary hem dokapdyr. Haly göllerinde ösümlik we haýwanat dünýäsi, zähmet gurallary, tebigatyň gözelligi şekillendirilipdir. Asyrlarboýy türkmen halyçy gelin-gyzlar tire halylaryny — teke, ýomut, ärsary, çowdur, gökleň, salyr, saryk halylaryny dokapdyr. Türkmeniň gadymy ýaşaýşynda bolsa tire halylarynyň tapawudy uly orun tutupdyr. Sebäbi her tiräniň öz ýaşaýan ýerine, hojalyk durmuşyna, daş-töweregine baglylykda haly gölleri şekillendirilipdir. Tire halylary biri-birinden tapawutlanýan hem bolsa, türkmen halysyna mahsus gönüburçly simmetrik nagyşlar salynýar. Halydaky göller köplenç ýagdaýda gönüburçluk, romb, sekizburçluk emele getirýär. Eger-de halynyň göllerine seretseň, ol türkmeniň durmuşyndan üzňe däl. Onuň göllerinde türkmeniň hal-ýagdaýy, ykbaly, durmuşy şekillendirilýär.

Suwuň boýunda ýaşaýan türkmenler hala salýan nagyşlaryny suw guşlarynyň, ýelkeniň, lawryň şekilinde döredipdirler. Maldarçylyk bilen meşgullanýan türkmenler mallaryň, sähra gülleriniň suratlaryny, oba hojalyk ýa-da ekerançylyk bilen meşgullanýan bolsa ösümlikleriň suratyny göllere geçiripdir. Häzirkizaman halyçylyk sungatynda tire halylarynyň dokalmagy, olara bolan islegiň içki we daşky bazarlarda köp bolandygy bilen däl-de, şol gölleriň reňkleriniň sazlaşygynyň has ýokary kämil derejede ösendigi üçin, olary şu derejä ýetirmek bilen asyrlaryň tejribesiniň gerekdigi üçin häsiýetlendirilýär.

Türkmen halyçylary haly ýüpleriniň boýalyşynyň (reňkleriniň) syrlaryny nesilden-nesle geçiripdir. Şonuň üçin halynyň nagyşlarynyň takyklygy we ýiti reňki uzak wagtlap saklanýar. Halylaryň gözelliginiň we uzak ömürliliginiň sebäpleriniň biri-de, bu halylar üçin tebigy, ösümlik çöplerinden boýag alynmagydyr. Halyny dokamak üçin ene-mamalarymyz adaty ak, çal we gara goýunlaryň ýaz gyrkymyndaky ýüňlerini peýdalanypdyr. Käwägtlar bolsa ýüpek we pagta ýüplerinden hem dokapdyrlar. Haly ýüplerini tebigy, durnukly reňkler bilen boýap, arassa we takyk reňkli öwüşgin alypdyrlar. Gyzyl reňki çöpboýanyň kökünden alypdyrlar. Sary reňki saforanyň güllerinden, gök reňki bolsa yşgynyň we garabaşyň ýapraklaryndan alypdyrlar.

Döwran HANOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
i 3 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parla ýaşyl baýdagym!

i 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty 

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop