i 3 THE ASHGABAT TIMES

Parla ýaşyl baýdagym!

12.05.2025

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Garaşsyz, bitarap türkmenistan watanymyzyň özbaşdaklygynyň, jemgyýetimiziň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň nyşany bolan döwlet baýdagynyň gününi belleýär. Ähli halk baýramçylygyna bagyşlanan esasy çäreler paýtagtymyzda geçirilýär. Şanly senäniň öz mukaddesliklerine çuňňur sarpa goýýan halkymyz üçin örän uly ähmiýeti bar. 

Häzirki döwürde asuda asmanymyzda buýsanç bilen pasyrdaýan watanymyzyň ýaşyl tugy türkmenleriň döwletlilik barada asyrlardan  bäri edip gelen arzuwynyň hasyl bolmagydyr, watanymyzyň garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň esaslarynyň mizemezdiginiň, jebis halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik maksatlaryna hemişe ygrarlydygynyň alamatydyr.

Ýurdumyzyň ýaşyl tugy köpetdagyň eteginde öz ähli belentligi bilen ýaýlyp, hakyky watançylyk we watana bolan çäksiz söýgi, halkymyzyň beýik dörediji ruhy ýaly egsilmez gymmatlyklary alamatlandyrýar. Türkmenler öz baýdagyna hemişe aýawly garapdyrlar. Milli taryhymyzda çuňňur köklere eýe bolan mukaddes tug halkyň özygtyýarly, özbaşdak döwlet ösüşine, syýasy taýdan öz-özüňi kesgitlemäge hem-de öz durmuş- ykdysady nusgasyna bolan hukugyny alamatlandyrýar. Döwlet nyşany milli äheňleri hem-de ruhy gymmatlyklary umumadamzat gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyryp, çuňňur mana eýedir we türkmenlere olaryň geljeginiň neneňsi ýagdaýda görünýändigini beýan edýär.

Ýaşyl tugda türkmen halysynyň gölleri, doganlygy hem-de agzybirligi, täzelenişi we ýaşaýşy alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý ýerleşdirildi. Baýdak halkyň maksatlaryny hem-de garaýyşlaryny äşgär edip, türkmenistanlylarda milli buýsanjy terbiýelemäge, olary jebisleşdirmäge hem-de adam mümkinçiliklerini doly açmak üçin döredijilik güýjüne beslemäge gönükdirilendir. Bularyň amal edilmegi   bolsa üstünlik gazanylmagyna hem-de umumy milli maksatlara ýetilmegine atarýar. 

 Bu gün ýurdumyzyň ynsanperwerlik we parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň keşbine öwrülen döwlet tugymyz birleşen milletler guramasynyň baş edarasynyň binasynyň öňünde hem- de beýleki iri halkara guramalarynda, dünýäniň ençeme döwletlerinde, şeýle hem türkmen şäherleriniň we obalarynyň ähli ýerlerinde buýsançly parlaýar.

Merdan DÖWLETMYRADOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
12052025 0001 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony «Arkadag» futbol toparyny sarpalamak dabarasy

c5cf942308c51a820635aee0aaa40c45 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen halysy – medeni özboluşlylygymyzyň görkezijisi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop