Türkmenistanda elektrik energiýasynyň ulanylyşynyň netijeliligini üpjün etmek, tygşytly ulanmak, pudaga döwrebap dolandyryş usullaryny girizmek, ekologiýany gorap saklamak hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak bilen ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmek ugrunda uly işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Pudagy ösdürmäge ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bilen, soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwaty ep-esli artdy. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň içerki isleglerini kanagatlandyrmaga däl, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini hem ýylsaýyn artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli künjeginde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlar, paýlaýjy elektrik beketler bina edildi we işe girizildi. Paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlary täzelendi.
Soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwatynyň ep-esli artmagy diňe bir ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny kepillendirmek babatda däl, eýsem, elektrik energiýasyny, ilkinji nobatda, goňşy döwletlere eksport etmek mümkinçiliklerini hem düýpli giňeldýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we düýpli döwrebaplaşdyrmak, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksada gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işler milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň durnukly ösüşini, ýurdumyzda senagatlaşdyrmagy çaltlandyrmagy, sebitleriň okgunly ösüşini, ata Watanymyzyň halkara energoulgamyna sazlaşykly birleşmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Akmyrat ROZYÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy