Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň çäklerinde tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar, olar bilen baglanyşykly möhüm wakalar bolup geçýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde daşky gurşawyň gözelliginiň artdyrylmagy, onuň aýrylmaz bölegi bolan ýeriň, suwuň arassalygy, ösümlik, haýwanat dünýäsiniň baýlaşdyrylmagy gazanylýar.
Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesi bilen ýurdumyzda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine badalga bermek asylly däbe öwrülip, her ýyl ýokary ruhubelentlik bilen geçirilýär. Millionlarça miweli we saýaly agaç nahallarynyň ekilmegi bilen geljekde bag nahallary boý alyp, gögerip, ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşar. «Eger kim bir agaç ekse ýadygär//Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýen jümlelerden ugur alnyp, ýaş nesiller ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýörelgelere ygrarly bolup, ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gül-çemenlige öwürmek ugrundaky durmuşa geçirilýän asylly işlere mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Ekologiýa howpsuzlygy biziň döwletimiz üçin esasy wezipe bolup durýar. Bitarap Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan müňýyllyklara ýaň salýan giň gerimli işler tebigy we taryhy-medeni gymmatlyklary goramakda nusgalyk ýörelgä öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsi örän baýlygy bilen tapawutlanýar. Dünýäniň durnukly we sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hataryna goşulan ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülen ekologiýa syýasaty dünýäde deňi-taýy bolmadyk tebigy ýadygärliklerimizi gorap saklamak, ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, güneşli Diýarymyzyň ajaýyp ýerlerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak, ülkämiziň tebigy täsinliklerini bütin dünýäde wagyz etmek, türkmen halkynyň, şeýle-de, umumadamzat baýlygy hökmünde dünýä halklaryna elýeterli etmek ugrunda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi, dünýä halklaryna ýurdumyzyň tebigy täsinlikleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ekologik çäreler milli ykdysadyýetimiziň ösmeginiň täze şertine, halk hojalygynyň geriminde tebigatdan peýdalanmagyň düýbünden täze nusgasyna geçmek üçin netijeli binýada öwrülýär. Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ekologiýa babatda ruhy-ahlak terbiýäni hem-de ýokary medeniýeti, tebigata paýhasly-jogapkärçilikli garamagy hem öz içine alýar.
Ýaşlara nusgalyk görelde bolup belent maksatlara ruhlandyrýan we Watanymyzyň şöhratly geljegini dabaralandyrjak mynasyp nesilleri ýetişdirmekde uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Laçyn KOLBAÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň Bedenterbiýe kafedrasynyň müdiri