Yurdumyzda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatyny geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bu halkara foruma taýýarlyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Foruma hem-de onuň dowamynda geçiriljek ugurdaş çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, 47 sany kiçi ada döwletleriniň, 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halkara foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde çäreler meýilleşdirilýär, myhmanlary garşylamak, olaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri üpjün edilýär. Şeýle-de forumyň dowamynda guraljak medeni çäreleriň maksatnamasy, halkara forumyň işine dünýä dillerini kämil derejede bilýän ýaşlaryň çekilmegi ýurdumyzda ýaşlara uly orun berilýänliginden nyşandyr.
Geçirilen maslahatda Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini nazara alyp, meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk meselelerine möhüm üns berilmelidigini belledi. Şunda bu işlerde hiç hili ownuk zadyň bolmaly däldigine aýratyn ähmiýet bermek tabşyryldy.
Gahryman Arkadag halkara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer çärelere möhüm ornuň degişlidigini belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatynyň çäklerinde guraljak medeni çäreleriň täsirli pursatlara we ýatda galyjy wakalara beslenmelidigini aýtdy.
Berdi MYRATGELDIÝEW
Turkmen Dowlet Maliye institutynyň mugallymy