Dark
Light
25.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Sport sagdynlyk we ruhubelentlik

22.05.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport hereketi görlüp-eşidilmedik uly gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirmeginde ýurdumyzda geçirilýän bedenterbiýe, saglyk we sport çärelerine watandaşlarymyzyň müňlerçesi, şol sanda ýaşlar hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şeýle giň möçberli sport çäreleri sportuň dünýäde meşhur görnüşlerini ösdürmäge, oňa ýaşlary höweslendirmäge, bar bolan düzümi döwrebaplaşdyrmaga hem-de halkymyzy köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga gönükdirilendir.

Ýaşlary watançylyk, belent ynsanperwerlik ruhunda we asylly milli ruhy-ahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemek, beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňe sürülýän wezipeleriň möhüm bölegi bolup durýar. 

Bu gün eziz Diýarymyzyň paýtagtynda we sebitlerinde häzirki zaman sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň, sport meýdançalarynyň üstünlikli hereket etmegi, ýaşlaryň sport bilen yzygiderli türgenleşmekleri we barha taplanmagy, dürli derejedäki ýaryşlarda sport ussatlygyny görkezmegi ugrunda döredilen şertler şeýle diýmäge esas berýär. Halkymyz ynsanyň iň uly baýlygynyň saglykdygyny belleýär. Her bir maşgalanyň sagdynlygy jemgyýetimiziň mizemez binýadyny üpjün edýär, çünki jemgyýet hem uly göwrümli maşgaladyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň, çempionatlaryň yzygiderli geçirilýän ýurdy bolmak bilen sportuň parahatçylygy, abadançylygy we birek-birege ynanyşmagy öňe sürýän ýörelgelerini bütin dünýäde dabaralandyrýar. Bu babatda Garaşsyz döwletimiz sportuň rowaçlanýan, olimpiýa hereketiniň we halkara hyzmatdaşlygynda parahatçylygyň, hoşniýetliligiň ileri tutulýan ýurdy hökmünde dünýä derejesinde özüni ykrar etdirdi.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde her birimize nusgalyk görelde bolýan, ata Watanymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren hormatly Prezidentimize alkyşymyzyň çägi ýokdur. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynda rowaçlyklar elmydama ýaran bolsun!

Laçyn KOLBAÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň Bedenterbiýe kafedrasynyň müdiri

Leave a Reply

Your email address will not be published.

i 7 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ekologiýa syýasaty – abadançylygyň gözbaşy

0vntgake3kjsucublmtrl1qqrmlpmabdbvaavmwu THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop