b6f40edc712228f95d29d12488e09c5b 750x5002 1 THE ASHGABAT TIMES

TÜRKMENISTANLY TÜRGENLER KARATE BOÝUNÇA «UZBEKISTAN OPEN 2024» HALKARA ÝARYŞDA 23 MEDALA EÝE BOLDULAR

07.05.2024

Ürgençde  geçirilen karate (WKF) boýunça birinji halakara ýaryşda türkmen türgenleri 23 (5 altyn, 5 kümüş we 13 bürünç) medala eýe boldular. Bäsleşige Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 293 türgen gatnaşdy. Ýaryşda kata we kumite boýunça dürli ýaş kategoriýalarynda iň güýçliler kesgitlenildi.

74 türgenden ybarat milli ýygyndy toparymyz baýrakly üçünji orny eýeledi. Öňdäki iki orna bolsa, Kaşkadarya (9 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal) we Daşkent (6 altyn, 5 kümüş we 10 bürünç medal) welaýatlarynyň toparlary  mynasyp boldular.

Türkmen karateçilerini bu halkara ýaryşa milli ýygyndy toparymyzyň tälimçileri Aýdyň Çaryýew bilen Igor Rahymow taýýarladylar.

«Türkmen sporty» gazeti.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
20240506 2209581 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Derimod dükanynda arzanladyş!

maska THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Maska” çykyşynyň bäşinji möwsüminiň ýeňijisi belli boldy

Soňkylar Habar

GitTop