Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Italiýanyň dünýä belli kompozitory Ennio Morrikoneniň unudylmajak eserleri paýtagtymyzyň nusgawy aýdym-saz muşdaklaryna hödürlenildi.
Bu dabara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Italiýa Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan guraldy. Saz agşamynda italiýaly ussat kompozitor hem sazanda Nello Salza türkmen kärdeşi, zehinli dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri we opera aýdymçysy Bahar Durdyýewa bilen bilelikde çykyş etdi.
«Gremmi iň gowy aýdym-saz baýraklary» (Grammy Music Awards) we «Oskar» ýaly abraýly baýraklaryň eýesi, Italiýanyň nusgawy kompozitory Ennio Morrikoneni hatyralap, Ýewropanyň dürli ýurtlarynda berjek konsert maksatnamasynyň Türkmenistanda-da geçirilmegi ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary döretdi. Ennio Morrikoneniň 500-den gowrak film üçin döreden saýlama eserlerinden ýerine ýetirilen çykyşlary tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.


«THE ASHGABAT TIMES».