Şu günler Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata giden ildeşlerimiz keramatly Mekge we Medine şäherlerinde bolup, haj parzlaryny ýerine ýetirýärler. Şunuň bilen baglylykda, watandaşlarymyz Gurban baýramy günlerinde agzybirlikde sadaka berdiler.
Sadakada tebärek çykylandan soňra milli tagamlarymyz çekildi, sadaka gatnaşýan adamlara hezzet-hormat edildi. Berlen sadakanyň dowamynda okalan aýat-töwirlerde mukaddes Gurban aýynda berlen sadakalaryň, edilen zyýaratlaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.
Ýeri gelende bellesek, şu ýyl mukaddes Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde watandaşlarymyzyň 2 müň 844-si yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat edip, haj parzlaryny berjaý etmek üçin ugradyldy. Şolaryň 289-sy döwlet tarapyndan, 2 müň 555 ildeşimiz bolsa öz serişdeleriniň hasabyna iberilenlerdir.
«THE ASHGABAT TIMES».