ars 6674 THE ASHGABAT TIMES

Dokma senagatynyň ýeten sepgitleri

12.06.2025

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda dokma senagaty pudagynyň hem uly paýy bardyr. Täze taryhy döwrümizde bu pudagyň ösüşi täze many-mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 11 — 13-nji iýuny aralygynda «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkanyň geçirilmegi munuň şeýlediginiň ajaýyp beýanydyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Diýarymyzda dokma pudagy bütinleý täzeden döredildi. Berkarar döwletimizde dokma senagaty sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Pudaga täzeçil tehnologiýalaryň, öňdebaryjy iş usullarynyň ornaşdyrylmagy, iň esasy bolsa hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ugruň ylmy esasda ösdürilmegi öz oňyn netijesini berýär. Milli dokma senagatynyň önümleri isleg-talaplary barha ösýän sarp edijileriň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Şu gezekki halkara sergi-ýarmarka dokma senagaty kärhanalary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ugurda iş alyp barýan agzalary, daşary ýurt kompaniýalary gatnaşýarlar. Şunuň bilen bir hatarda, ýerli we daşary ýurt dizaýnerleriniň lybaslarynyň görkezilişi guralýar, häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan ussatlyk sapaklary geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň dokma senagatynda ýetilen sepgitler bilen tanyşmaga, özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, öňdebaryjy tejribäni alyşmaga oňaýly mümkinçilikleri döreder.

Dokma ― halkyň sesi, kalby, gözýetimi bilen dokalýar. Her mata ― bu taryh, her ýüplük ― bu bir nesliň ýadygärligidir. Şonuň üçin-de, «Turkmentextile Expo — 2025» halkara sergi-ýarmarkasy döredijiligiň, ösüşiň we ruhy beýikligiň täze sahypasydyr, ýurdumyzyň dokma senagatynyň dünýä bilen gatnaşyklarynyň täze derejesidir. Bu sergi türkmen halkynyň öz medeniýetine, geçmişine we geljegine bolan beýik söýgüsiniň subutnamasydyr.

Gülşat HAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
dokma tes THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hem senet, hem sungat

sport kararnama THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sport diplomatiýasy: parahatçylygyň bähbidine

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop