yaslar 24 THE ASHGABAT TIMES

Beýik ynamyň eýeleri

12.06.2025

Täze taryhy döwürde ata Watanymyzda ýaşlar syýasaty barha pugtalanýar. Şunda giň gözýetimli, çuňňur dünýägaraýyşly we täzeçe pikirlenmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Çünki ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň geljegi baradaky aladadyr.

«Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir» diýlişi ýaly, ata Watanymyzyň at-abraýynyň has-da ýokarlanmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Ýaşlar syýasatyny halkara derejede ýaýbaňlandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň hem esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, 2023-nji ýylda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halklaryň dostlugy — ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili» atly Ýaşlaryň halkara maslahatynyň, şeýle hem Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumynyň geçirilmegi taryhy wakalaryň hataryndan orun aldy.

Türkmen ýaşlary jemgyýetiň ähli gurşawynda bolup geçýän özgerişleri, täzelikleri durmuşa geçirmäge we ösdürmäge ukyplydyrlar. Ýaşlar döwletiň işjeň we örän wajyp güýjüdir, olaryň islegleri, gymmatlyklary, garaýyşlary geljegiň binýadydyr.  Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Dünýägözel HAÝTEKOWA,
TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:56 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
sport kararnama THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sport diplomatiýasy: parahatçylygyň bähbidine

dokmaa THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Beýik Ýüpek ýolunyň täze sahypasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop