dokma tes THE ASHGABAT TIMES

Hem senet, hem sungat

12.06.2025

Mälim bolşy ýaly, türkmen dokmaçylyk sungaty müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelen baý milli mirasymyzyň möhüm bölegidir. Şunda «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkanyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu sungat diňe bir gündelik egin-eşik ýa-da öý bezegi hökmünde däl, eýsem, halkymyzyň milli medeniýetiniň, sungatynyň özboluşly beýany hökmünde-de aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň dokma önümleri dünýäde ekologik taýdan arassalygy, ýokary hillidigi we tebigy çig maldan taýýarlanýandygy bilen giň meşhurlyga eýedir. Kuwwatly önümçilik üpjünçilik ulgamlary we çig mal binýady bolan Türkmenistanyň dokma toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetinde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Türkmen dokma önümleri häzirki wagtda onlarça ýurda eksport edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen dokma senagaty pudagynda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler halkymyzyň döredijilik ukybyny kämilleşdirip, milli önümlerimiziň dünýä derejesinde tanalmagyna şert döredýär. Türkmen dokma önümleri häzirki wagtda dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär, olaryň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa we milli ýörelgelere laýyk döredilendigi üçin dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Şeýle halkara sergiler bolsa diňe bir ykdysady üstünlikleriň däl, eýsem, halkyň medeni diplomatiýasynyň hem möhüm guralydyr.

Bereket  ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
sowda senagat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady

ars 6674 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dokma senagatynyň ýeten sepgitleri

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop