Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, bugdaý oragynda ulanylýan ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikalarynyň satyn alynmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler hem pudagyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde oba zähmetkeşleriniň, gallaçy kärendeçileriň netijeli işiniň ýola goýulmagyna zerur üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edilýär we tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda amala aşyrylýar. Munuň özi daýhanlaryň işe bolan höwesini artdyrmak bilen, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Oba hojalyk toplumyndaky özgertmeler ýerli önüm öndürijileri hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly strategiýanyň aýrylmaz bölegidir. Netijede, ýurdumyzyň daýhanlary täze ýerleri özleşdirmegiň, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi bilen bir hatarda, halkymyzyň we her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesi-de ýokarlanýar.
Maksat RAZAKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Halaç etrap komitetiniň buhgalteri.