6121b91d245d430c59dd6e0536b125ec 1 THE ASHGABAT TIMES

Sagdyn durmuş ýörelge – sagdyn bedene görelde

13.06.2025

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler bu ugurda döwlet derejesinde taýsyz tagallalaryň edilýändiginiň nyşany bolup durýar. Häzirki zamanyň iň ösen lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, şypahanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, öňden bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi ulgamda işleriň barha öňe ilerleýändiginiň güwäsidir.

Saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň kabul edilendigi, döwrüň talaplaryna laýyklykda, olaryň yzygiderli täzelenýändigi ulgamda alnyp barylýan özgertmeleriň gitdigiçe kämilleşýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz gysga döwrüň içinde uly ösüşlere eýe boldy. Türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni almakda wajyp orun eýelän sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi babatynda möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn we giň dünýägaraýyşly bolmaklary ugrunda alnyp barylýan işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmäge, maşgala lukmançylygy institutyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şeýle hem ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak, lukmançylyk ylmy bilen tejribäniň özara baglanyşygyny berkitmek, lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek meseleleri esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adamyň saglygyny goramak, dikeltmek, ýaş nesliň lukmançylyk hyzmatlaryna bolan elýeterliligini üpjün etmek, ýurdumyzda döwrebap hem dünýä nusgalyk saglygy goraýyş ulgamynyň täze nusgasyny kemala getirmek ugurly şeýle asylly işleriň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda güýçli depginde dowam etdirilmegi lukmanlary yhlasly we döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Nurgeldi ANNAMYRADOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:53 am, Dec 6, 2025
temperature icon 8°C
пасмурно
Humidity 66 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:08 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
ulanylan THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkymyzyň milli sungaty we medeni mirasy

rh commodities assessment THE ASHGABAT TIMES
Next Story

UNFPA aýallaryň reproduktiw saglygyny goramak üçin serişdeleriň wagtynda getirilişini üpjün etmek boýunça utgaşdyryş maslahatyny geçirdi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop