rh commodities assessment THE ASHGABAT TIMES

UNFPA aýallaryň reproduktiw saglygyny goramak üçin serişdeleriň wagtynda getirilişini üpjün etmek boýunça utgaşdyryş maslahatyny geçirdi

13.06.2025

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy BMG-nyň Aşgabatdaky binasynda utgaşdyryş duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň maksady Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky reproduktiw saglyk otaglarynda ulanylýan serişdeleriň möçberine baha bermek, olaryň özara paýlanyş mümkinçiliklerini öwrenmek hem-de howp toparyna girýän zenanlaryň reproduktiw saglygyny goramak üçin zerur serişdeleri täzeden satyn almak boýunça meýilnama düzmekden ybarat boldy.

Duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri, şeýle hem UNFPA-nyň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda reproduktiw saglygy goraýyş serişdeleriniň galan möçberi, bir aýlyk isleg derejesi baradaky maglumatlara seredildi we bu serişdeleriň öz wagtynda üpjün edilmeginiň zerurlygy esassandyryldy. Gatnaşyjylar howp toparyna girýän zenanlaryň hyzmatlar bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak mümkinçilikleri, hasaba alyş we hasabat beriş resminamalarynyň görnüşleri, şeýle hem işiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullary barada pikir alyşdylar. Şeýle-de, reproduktiw saglygy goraýyş serişdeleriniň ätiýaçlygyny doldurmagyň mümkinçilikleri boýunça hem teklipler hödürlenildi. UNFPA Türkmenistanyň Hökümetiniň hroniki keselleri bolan zenanlar üçin reproduktiw saglyk hyzmatlaryna we serişdelerine elýeterliligi üpjün etmek boýunça edýän tagallalaryna goldaw bermegi dowam etdirýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
6121b91d245d430c59dd6e0536b125ec 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sagdyn durmuş ýörelge – sagdyn bedene görelde

yas alymm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaş alymlar sylaglandy

Soňkylar Habar

GitTop