Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ösýär we özgerýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini durnukly ösdürmekde jemgyýetimiziň durmuşyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, sanly ykdysadyýetiň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy täze mümkinçiliklere ýol açýar.
Häzirki wagtda her bir ýurduň öňde goýan esasy maksatlarynyň biri durnukly ösmek bilen, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmek we ahyrky netijede bolsa, ilatyň ýaşaýyş derejesini halkara ölçeglerine kybap getirmekden ybaratdyr. Dünýä ýurtlarynda şeýle ösüş meýliniň bolmagy, ilkinji nobatda, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi we halk hojalygynyň işini kämil guramagy talap edýär. Munuň üçin döwür bilen aýakdaş gitmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ykdysadyýetiň pudaklaryna täze, iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak hökmany şertleriň biridir. Munuň şeýledigini XX asyryň ikinji ýarymynda bolan, adamzat durmuşyny düýpli özgerden ylmy-tehniki öwrülişikden soňky döwürde gazanylan üstünlikler doly subut edýär. Ol ýurtda ykdysady ösüşi güýçlendirmäge we durnuklylygy gazanmaga ýardam berdi.
Bu günki gün senagatlaşan kuwwatly dünýä döwletleriniň hut innowasion ösüş esasynda şu derejelere ýetendigi hemmämize mälim hakykatdyr. Innowasion ösüşiň gazananlaryny ilkinjileriň hatarynda özleşdirmekleri we tehnologiýalar eýýamynda döwür bilen deň gadam urmaklary bu ýurtlaryň esasy artykmaçlygydyr. Indi şeýle senagatlaşan döwletler sanly ulgama geçmek işinde has-da ilerläp, ýokary derejeli tehnologiýalary öndürmekde, döwrüň soňky gazananlaryny önümçilige hem-de durmuş pudaklaryna ornaşdyrmakda öňdeligi eýeleýärler.
Ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryna we beýleki ulgamlara sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy bilen täze mümkinçilikler peýda boldy. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy işleriň uzak aralykdan dolandyrylmagyny, öndürijiligiň ýokarlandyrylmagyny, kärhanalaryň we ilatyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň tizleşdirilmegini üpjün edýär. Kämil ulgamyň artykmaçlyklaryndan ýerlikli peýdalanyp, ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek maksadyndan ugur alynýar. Üstümizdäki “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda-da kämil ulgamy ösdürmekde belent sepgitlere ruhlandyrýar.
Sanly ykdysadyýete geçmek jemgyýetde sanly ulgam endikleriniň kemala getirilmegini we maýa goýumlaryň giňden çekilmegini talap edýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ilata edilýän hyzmatlar tapgyrlaýyn sanlylaşdyryldy, adamlaryň bu babatdaky sowatlylygy artdyryldy, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde sanly ulgam düşünjesi barada maglumatlar yzygiderli halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirildi, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin köp mukdarda maýa goýumlar gönükdirildi. Munuň özi milli Liderimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşmagynyň, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynyň we mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň hatyrasyna amala aşyrýan beýik işleriniň aýdyň güwäsidir.
Roza TAÝMAZOWA
Mary nebitgaz orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy