taksi 1 scaled THE ASHGABAT TIMES

Türkmenabatda «Onlaýn taksi» işe girizildi

18.06.2025

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gije-gündiz işleýän taksi çagyrmak hyzmaty işe başlady. Bu başlangyjy «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi «Awtomobil Ulag Hyzmaty» AGPJ bilen bilelikde amala aşyrdy.

Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary 0655 gysga belgä jaň edip, bu hyzmatdan gije-gündiziň islendik wagtynda peýdalanyp biler. Ýolagçylar üçin elýeterli nyrhlardan ýokary hilli ulag hyzmatlary kepillendirilýär. «Onlaýn taksi» hyzmatynyň esasy aýratynlygy awtomatlaşdyrylan habar beriş ulgamydyr. Ýagny, müşderi sargydy we ulagyň barjak wagtyny tassyklaýan SMS alýar. Bu bolsa ýolagçylar üçin gitmeli wagtyny meýilleşdirmegi aňsatlaşdyrýar we operatoryň jogabyna garaşmak zerurlygyny aradan aýyrýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
rim medal THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Rimden 25 medal!

yaslar new24 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaşlar hakda alada

Soňkylar Habar

GitTop