11 THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryş tamamlandy

19.06.2025

Düýn, 18-nji iýunda türkmen paýtagtynda Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen küşt boýunça halkara ýaryş üstünlikli tamamlandy. Oňa Türkmenistandan, Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Tailanddan, Özbegistandan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky 129 türgen gatnaşdy.

Ýaryşyň açylyş dabarasy hem-de esasy oýunlar Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirildi. Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan ýaryşyň guramaçylygyna örän jogapkärli we toplumlaýyn taýýarlyk görüldi.

Aşgabatda üç günläp dowam eden halkara küşt ýaryşynyň dowamynda rapid we blitz görnüşleri boýunça oglanlaryň we gyzlaryň arasynda üç ýaş derejesinde, 12 medallar toplumy ugrunda ýaryşlar geçirildi. Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde halkara ýaryşyň netijeleri jemlenilip, onuň ýeňijilerine mynasyp bolan medallarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 

Ýaryşyň netijeleri jemlenilenden soň, Arkadag şäherindäki «Märkaw» myhmanhanasynyň toý mekanynda halkara ýaryşyna gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Şeýle hem sowgatlar ýaryşa gatnaşan çagalaryň ýany bilen Aşgabada gelen olaryň ata-enelerine, tälimçilerine we lukmanlaryna-da, ýagny her ýurda wekilçilik eden toparyň ähli agzalaryna gowşuryldy. 

Sowgatlaryň gowşurylyş dabarasyndan soň, bu ajaýyp dabara mynasybetli ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. 

«THE ASHGABAT TIMES».

 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
rus dili kurslari THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Lukmançylyk biliminde rus diliniň ähmiýeti

09 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan halkara küşt ýaryşynda 19 sany medal gazandy

Soňkylar Habar

GitTop