yaslar new24 THE ASHGABAT TIMES

Ýaşlar hakda alada

18.06.2025

Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde ýokary ahlakly, bilimli, sagdyn ruhly, watansöýüji nesli kemala getirmek boýunça buýsanja mynasyp işler durmuşa geçirilýär, ýaşlar hakda uly alada edilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, şonuň çäginde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem ýaşlar hakdaky aladalaryň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çuň manyly çykyşynda: «Ýaşlar guramasy Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde we jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz borjuny üstünlikli ýerine ýetirip gelýär» diýip, alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi.

Häzirki wagtda berkarar Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin amatly hukuk şertlerini döretmekde, Watanymyza hem-de taryhymyza bolan buýsanjyny artdyrmakda bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti uludyr. «Ýaşlar — Watanymyzyň daýanjy» diýip belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz her bir pursatda ýaşlaryň kämil bilimli, hünärli adamlar bolmagynda uly alada edýär. 

Türkmen ýaşlary jemgyýetiň ähli gurşawynda bolup geçýän özgerişleri, täzelikleri durmuşa geçirmäge we ösdürmäge ukyplydyrlar. Ýaşlar döwletiň işjeň we örän wajyp güýjüdir, olaryň islegleri, gymmatlyklary, garaýyşlary geljegiň binýadydyr.  Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Göwher MÖWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:45 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
taksi 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenabatda «Onlaýn taksi» işe girizildi

fabfec7d b235 3a98 9868 82b78586cedc 850 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Azerbaýjan Merkezi Aziýa bilen söwda gatnaşyklaryny güýçlendirýär

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop