Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygynda, ruhy we beden taýdan sagdynlygyndadyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň ykbal özgerdiji ynsanperwer döwlet syýasatynda ýaş nesil baradaky köptaraply aladalar hemişe naýbaşy orunda durýar.
Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleriň gymmatyna doly düşünýän nesilleri kemala getirmegiň ilkinji we möhüm şerti ýaşlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirýän kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ýaşlaryň hukuklaryny goramak babatda zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň degişli kanunlarynda we maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň kanunçylygy ýaşlaryň durmuş-ykdysady, syýasy hukuklaryny doly kepillendirýär. «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirilmesi hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» kabul edilen Kanunlar, Türkmenistanyň Zähmet, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak kodeksleri we beýleki resminamalar bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň hukuk binýadyny emele getirýär.
Esasy Kanunymyzyň 49-njy maddasynda her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn, howpsuz şertlerine hukugy kepillendirilýär. Bu günki gün bagtyýar ýaşlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, iň kämil, çylşyrymly tehnologiýaly iri kärhanalarda döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.
Ajaýyp zamanamyzyň päk göwünli, arassa ahlakly, maksatlary aýdyň bagtyýar nesillerini terbiýeläp ýetişdirmekde zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyz egsilmezdir.
Döwletgeldi BATYROW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň başlygy.