Jemgyýetiň we döwletimiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Saglygy goramakda, berkitmekde sportuň, bedenterbiýäniň ähmiýeti hem örän uludyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny ösüşlere beslemek üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamzat nesli döräli bäri saglyk, sagdyn durmuş ýörelgeleri hemişe üns merkezinde bolupdyr. Hut şonuň üçin-de nesil saglygy baradaky meselä türkmen halky mydama örän eserdeň garapdyr. Öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan sagdyn durmuş ýörelgelerini kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren pederlerimizden miras galan kadalar munuň aýdyň güwäsidir.
Adamyň ýaşamagy üçin howanyň, suwuň, iýmitiň zerur bolşy ýaly, sagdyn ruhy gurşaw hem şahsyýetiň kemala gelmeginde iň zerur zatlaryň biridir. Bu gurşaw bolsa sagdyn ruhly adamlar tarapyndan döredilýär, sagdyn ruh bolsa adamda, ilkinji nobatda, sagdyn pikirleriň netijesinde döreýär. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy diýlip ykrar edilen Türkmenistan döwletimiz halkyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça nusgalyk derejä ýetdi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris.
Ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglyk babatda bilimini we medeniýetini ýokarlandyrmak, ilatyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak, keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmaklygy ündemek, temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek, ene süýdüniň ähmiýetini, sagdyn durmuşda ýaşamaklygyň ýollaryny wagyz etmek, iýmit zäherlenmeleriniň we möwsümleýin keselleriň öňüni almak, bedenterbiýäniň, önümçilik maşklarynyň adam saglygyna ýetirýän oňyn täsirini açyp görkezmek, adamlaryň öz saglyklaryny yzygiderli gözegçilikde saklamaklaryny ýola goýmak we gazanmak, bu ugurda ýurdumyzda kabul edilýän kanunlary düşündirmek, ilatymyzyň bu meseleler barada düşünjesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr.
Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy diýlip ykrar edilen Türkmenistan döwletimiz halkyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça nusgalyk derejä ýetdi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglyk babatda bilimini we medeniýetini ýokarlandyrmak, ilatyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak, keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmaklygy ündemek, temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek, ene süýdüniň ähmiýetini, sagdyn durmuşda ýaşamaklygyň ýollaryny wagyz etmek, iýmit zäherlenmeleriniň we möwsümleýin keselleriň öňüni almak, bedenterbiýäniň, önümçilik maşklarynyň adam saglygyna ýetirýän oňyn täsirini açyp görkezmek, adamlaryň öz saglyklaryny yzygiderli gözegçilikde saklamaklaryny ýola goýmak we gazanmak, bu ugurda ýurdumyzda kabul edilýän kanunlary düşündirmek, ilatymyzyň bu meseleler barada düşünjesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr.
Täzegül WILÝANOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy