Dark
Light
24.01.2026
vfTreeN3RA THE ASHGABAT TIMES

SÖZ BAÝLYGY WE LENÇ EDILEN SÖZLER

07.02.2024

Ene diliň baý mirasyna eýe bolan adam hemişe özboluşly sözleýär. Şol bir wagtda-da, ol örän çylşyrymly  zatlar  barada  düşnükli  gürrüň  berip  bilýär.  Sözüniň baýlygy barada alada etmeýän adamlar kesekiniň aýdýan sözlerini gaýtalaýarlar. Olaryň çykyşlarynda hemmeleri bizar eden şol bir söz-ler gaýtalanýar. Şeýle sözlere lenç edilen sözler diýilýär. 15-20 sany lenç edilen sözi ulanyp, olar islän temasy boýunça çykyş edýärler. 

Resmi-edara  kagyz  dilinde  ulanylýan  kanselýarizmler,  ýagny galyplanan sözler lenç edilen sözüň bir görnüşidir. Mysal üçin, «gyz-gyn goldaw tapýar», «işinde», «bu ugurda», «berlen görkezmeleri ýe-rine ýetirip», «çäreleri amala aşyryp»…

Dilewarlygyň başga bir uly kemçiligi, ol hem bolsa umumy, da-baraly, batly, ýöne boş sözleri giňden ulanmakdyr. «Karar kabul edil-di», «göreş alyp barmak», «tüýs ýürekden ynanmak», «degişli döwür-de» ýaly sözler hem lenç edilen sözleriň bir görnüşidir.

Dilewaryň söz baýlygy, onuň işjeň we passiw (köp we az ulanyl-ýan) söz baýlygyndan belli bolýar. 

Işjeň  sözler  –  bu  dilewar  tarapyndan  pikir  aňladylýan  we diňleýjilere ýetirilýän sözlerdir.

Passiw sözler – bu tanyş we düşnükli, emma gepleşikde seýrek ulanylýan sözlerdir.

Ýönekeý adamyň işjeň söz baýlygy, takmynan, 1-2 müň sözden durýar diýlip hasap edilýär. Käbir adamlar 300-den 600-e çenli söz bilen çäklenýärler.

Medeniýetli adamyň işjeň söz baýlygy 3-4 müň söz bolup, pas-siw söz baýlygy 15 müňe ýetýär. Meşhur rus ýazyjysy L. Tolstoýyň eserlerinde 60 müňe golaý söz ulanylypdyr.

Dilewaryň  çykyşynyň  söz  baýlygy  onuň  sinonimleri  ulanyp bilşine baglydyr. Sinonimler şol bir sözleri gaýtalamazdan, pikiri anyk we takyk beýan etmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, geplemek, sözlemek, nutuk aýtmak, çykyş etmek, hümürdemek, warsaky urmak, güplemek, warryklamak, wagyrdamak, diýmek, duýdurmak, syzdyr-mak,  üýrmek,  aňňyrmak,  samsyklamak,  horkuldamak,  jabjynmak. Sinonimler  adamyň  bolup  geçýän  hadysalara  bolan  garaýşyny  has aýdyňlaşdyrýar.

Ejegül ALYÝEWA

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

KuqhVI6DqT THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

ÖWRENMEK WE BILIM HAKDA AÝDYLANLARDAN

HU0vOjrHvk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ÝOLBAŞÇYNYŇ ESASY IŞ SYPATLARY

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop