cagajyk daskent THE ASHGABAT TIMES

Ça­ga­lar bag­la­ryn­da to­mus möw­sü­mi

05.07.2025

Mälim bolşy ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomus sagaldyş möwsümini guramagyň aýratynlyklary bolýar. Çagalar bagynda tomusky çäreler, adatça, çagalaryň saglygyny berkitmäge, gözýetimlerini giňeltmäge we işjeň dynç alşy gurnamaga gönükdirilen saglygy goraýyş çärelerini öz içine alýar. 

Taplama çäreleriniň esasy ugurlary bedenterbiýe we saglyk işleri, daşky gurşawa söýgini terbiýelemek, oýun, aýdym-saz, teatr çäreleri bolup durýar. Tomusky sagaldyş möwsümini guramak gyzyklanma, göwnaçma çäreleriniň gün tertibini düzmekden, taplama çärelerini ýola goýmakdan, terbiýeçilik-sagaldyş çärelerine gözegçilik etmekden ybaratdyr.

Körpeler bilen açyk howada geçirilýän çäreler gün tertibinde göz öňünde tutulan irki maşklaryň, gezelençleriň çäginde guralýan dürli hereketli oýunlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Tomusda çagalar dürli bedenterbiýe we saglyk oýunlaryny oýnamagy gowy görýärler. Bu oýunlary birnäçe görnüşe bölmek bolar: işjeň oýunlar, sport oýunlary we sport enjamlaryny ulanyp oýnalýan oýunlar. Mysal üçin, kowalaşmak, gizlenpeçek, ýere çyzylan gözeneklerden bökmek, futbol, woleýbol, halka bilen oýnamak, ýüpden bökmek ýaly oýunlary çagalar uly höwes bilen oýnaýarlar. Çagalar baglarynyň oýun meýdançalarynda taplama çärelerini geçirmek üçin taýýarlanylan ýörite ýodajyklarda körpeler bilen açyk howada gezelençler guralýar. Şunuň ýaly çäreleriň irki ýaşdan başlap geçirilmegi körpeleriň bedeniniň berkemeginde, hereket işjeňliginiň artmagynda, olaryň ruhubelent, şadyýan kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir.

Çagalar bagynda tomus dynç alyşynyň dürli-dürli çärelere beslenmegi, çagalar üçin gyzykly we peýdaly oýunlaryň gurnalmagy olaryň saglyklaryny berkitmekde, döredijilik ukyplaryny ösdürmekde, daşky gurşaw barada oňyn garaýyş döretmekde möhümdir. Umuman, çagalaryň söýgüsini gazanmak her bir terbiýeçiniň baş aladasy bolmalydyr. Terbiýeçileriň guraýan okuw-terbiýeçilik, taplama işleriniň hemmesi çagalara bolan mähir-söýgä, ynsanperwerlige gönükdirilen bolmalydyr.

Gulfiýa ATAJANOWA,
Daşoguz şäheriniň 14-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
1751572669 b954a202ba3a3a78d50794eddc73b1ef THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Agdamda OES-niň 17-nji Sammitine gatnaşyjylar «Ýeňiş» atly Karabag atlarynyň çykyşyna tomaşa etdiler

bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Şadyýan tomus we bagtly çagalyk

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop