THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-ýaş olimpiýaçylary öňdebaryjy orunlarda

10.03.2024

Bilşimiz ýaly, ýakynda geçirilen “Open Mathematical Olympiad for University Students” (OMOUS) 2024 halkara olimpiadanyň netijeleri mälim boldy. Ýagny, çekeleşikli giden bäsleşikde türkmen-ýaş olimpiýaçylary baýrakly orunlary gazandylar. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ähli ýokary okuw jaýlarynyň biri-birinden ökde talyp-ýaşlary gatnaşdylar. Türkmen Döwlet Energetika Institutynyň talyp ýaşlary hem bu bäsleşige özleriniň goşantlaryny goşdular.

Olardan:

3 sany altyn medal: A kategoriýadan Döwletow Gurt, Annaýew Muhammet, Goçyýew Nurmuhammet;

1 sany kümüş medal: Turaýew Baýram;

2 sany bürünç medal: Gurbangeldiýew Akmuhammet, Täçliýew Ýakup.

Institutymyzyň hem-de Watanmyzyň abraýyny has-da ýokarlandyran, dünýä döwletlerine äşgär eden talyplarymyzyň begençleriniň çägi ýok. Olaryň mundan beýläk-de ýene-de üstünlik gazanjakdyklaryna biz tüýs ýüregimizden ynanýarys. Biz hem agzybir mugallymlar bolup, şular ýaly bäsleşiklere ýene-de mundan hem güýçli talyp-ýaşlary ýetişdirmek üçin elimizde baryny gaýgyrmarys!

Şageldi HUDAÝBERDIÝEW
Türkmen Döwlet Energetika
institutynyň amaly mehanika
kafedrasynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
4df4a5eaa7f9cd9347c0ba4700a27aee2dca4f54 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ultra melewşe şöhläniň adamyň gözüne ýetirýän zyýanly täsiri

1606338662 960x559 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Oraza aýy-2024 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop