Türkmenistan dünýä döwletleridir halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýar. Şu jähetden, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde Baş Assambleýanyň «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamasy kabul edildi. Şunda bu ýokary derejeli maslahaty Türkmenistanda guramak baradaky çözgüt goldanyldy. Munuň özi hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyz awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksady bilen, Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. Maslahat bilen ugurdaşlykda birnäçe çäreleriň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunda maslahatyň işini talabalaýyk guramak boýunça bilelikdäki tagallalar zerurdyr.
Şeýlelikde, BMG-niň howandarlygynda geçiriljek ýokary derejeli maslahat häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça köptaraply halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde giň gözýetimli, başarnykly, täze dünýägaraýyşly ýaşlara uly orun degişlidigini, türkmen ýaşlarynyň dünýä çykýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezer.
Gurbangül BAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.