Bu halkara olimpiadasy 3-8-nji mart aralygynda geçirildi we oňa 8 döwletiň talyp-ýaşlary gatnaşdylar. Olar: Türkmenistan, Özbegistan, Indoneziýa, Saud Arabystan, Bolgariýa, Russiýa Federasiýasy, Hytaý Halk Respublikasy, Ispaniýa. Olaryň 390-dan gowragy türkmen talyplary bolup, 120-den gowragy bolsa daşary ýurt talyplarydyr. Olimpiada 2 tapgyra bölünip geçirildi, ýagny 1-nji tapgyr şahsy bäsleşik, 2-nji tapgyr bolsa toparlaýyn bäsleşik. 80-den gowrak topar gatnaşdy. Olimpiadanyň resmi dili – türkmen we iňlis dili boldy. Olimpiadanyň dowam edýän günlerinde daşary ýurt talyplary ak şäherimiz Aşgabadyň gözel ýerlerine, ýagny Derwezedäki ýanyp duran oda, “Nusaý” ýadygärlikler toplumyna başga-da söwda we dynç alyş nokatlaryna gezelenç etdiler. Şahsy bäsleşikde 6 mesele çözuldi we ol 4 sagat dowam etdi. Toparlaýyn bäsleşikde 10 mesele çözüldi we ol 2 sagat dowam etdi. Bu ýaryşa Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetinden 99 talyp gatnaşdy. Bu olimpiadanyň açylyş dabarasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary çykyş etdiler. Ýapylyş dabarasynda Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen Döwlet Konserwatoriýasynyň talyplary çykyş etdiler.
Bäsleşigiň netijeleri:
Türkmenistan: şahsy bäsleşikde 22 sany altyn medal, 51 sany kümüş medal, 96 sany bürünç medal. Toparlaýyn bäsleşikde 2 sany altyn medal, 5 sany kümüş medal, 7 sany bürünç medal.
UMUMY NETIJE:
1-NJI ORUN TÜRKMENISTAN
2-NJI ORUN ÖZBEGISTAN
3-NJI ORUN RUSSIÝA FEDERASIÝASY.